Täzelikler
Назад
15.04.2026
Okuw sapagy
Türkmenistanyň Kinofotofono resminamalarynyň döwlet arhiwi tarapyndan 2-nji orta mekdebiniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda okuw sapaklary geçirildi.
Diňleýjiler üçin döwlet arhiwinde saklanylýan maglumatlardan peýdalanyp, kompozitor Çary Nurymowyň döredijiligi barada leksiýalar we fototoplum taýýarlanyldy. Sapagyň dowamynda berilen gürrüňlerden we görkezilen suratlardan okuwçylar Çary Nurymowy türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri amala aşyran, çuňňur zehinli, uly hormata eýe bolan ussat kompozitor hökmünde tanadylar.