Täzelikler

Назад

15.04.2026

Arhiw işini kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi

Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Ruhubelent etrap hassahanasynda arhiw işini we iş dolandyryşy alyp barmak boýunça degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmeni öz çykyşynda resminamalary tertipleşdirmek we döwlet saklawyna tabşyrmak barada giňişleýin maglumat berdi. 

Okuw maslahatynyň dowamynda iş dolandyryşda resminamalary we işleri emele getirmegiň, olary resmileşdirmegiň, işleriň at ýazgysyny düzmegiň hem-de pudaklaýyn arhiwde resminamalary hasaba almagyň döwrebap kadalary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem hemişelik saklanylmaly resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrylmak düzgünleri  ara alnyp maslahatlaşyldy.