Täzelikler

Назад

21.04.2026

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri we Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň talyplary üçin tanyşdyryş gezelenji guraldy.

Hünärmenleriň we talyplaryň sebitiň taryhy gymmatlyklaryny hem-de üýtgeşik eksponatlaryny ýakyndan öwrenmeklerine gönükdirilen bu çäre hünär kämilleşdirişiň amaly usullarynyň biri boldy. 

Döwlet arhiwiniň hünärmenleri üçin gezelenç taryhy bilimleri çuňlaşdyrmaga we medeni mirasy gorap saklamagyň usullaryny öwrenmäge gönükdirilen hünär çäresine öwrüldi. 

Gezelenjiň dowamynda gatnaşyjalar muzeýiň bölümleri, şeýle hem sebitiň tebigatyna, taryhyna, arheologiýasyna we durmuşyna degişli ekspozisiýalar, muzeý işiniň gaznalary hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.     

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar muzeýiň hünärmenlerine gyzykly maglumatlary we sergileriň özboluşlylygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.