Täzelikler

Назад

12.06.2026

Arhiwçileriň III «Digital Archive EXPO» kongresi

2026-njy ýylyň 8-12-nji iýuny aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen arhiw pudagynyň sanly transformasiýa we emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi şertlerinde geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň iri halkara meýdança bolan arhiwçileriň III «Digital Archive EXPO» kongresine hem-de “Sanly arhiw EXPO” sergisine Baş arhiw müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. 

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan guralan bu Kongresiň işine dünýäniň 30 ýurdundan 500-den gowrak wekili, şol sanda arhiw edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Halkara arhiwler geňeşiniň wekilleri, öňdebaryjy IT-ekspertler, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.

Kongresiň programmasyna «Digital Archive. Paradigmanyň çalşylmagy», «Arhiwler we AI», «Arhiwleriň innowasion ekoulgamlary», «Arhiw geljegi: täze kompetensiýalar we liderlik» atly halkara plenar sessiýalary, ÝUNESKO-nyň «Emeli aň: «Dünýä ýady» halkara reýestri üçin netijeler» atly seminary, MURAtalks ekspert klubynyň mejlisi, amaly workşoplar we ýaş arhiwçileriň IX Halkara tomusky mekdebi girdi.

Kongresiň çäklerinde DA-EXPO halkara sergisi guraldy. Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arhiwiniň emeli aň tehnologiýalaryny arhiw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen hususy işläp taýýarlamalary görkezildi. Onuň dowamynda arhiw aýawhanasyny intellektual dolandyrmagyň «GEOTOPOGRAPHY» ulgamy, arhiw resminamalaryny tanamak üçin «AI Archival Recognition System» programmasy, «Virtual Guide» AI-platformasy we EPMK arhiwçi-ekspertiniň «QuralAI Assistant» emeli aň asisenti bilen tanyşdyryldy.

Kongresiň jemleri boýunça arhiw pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek we taryhy-resminama mirasyny saklamak işinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amaly maslahatlar geçirildi.