Täzelikler

Назад

16.06.2026

Arhiw işini kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň  pudaklaýyn arhiwler bilen işlemek  boýunça bölüminiň hünärmeni tarapyndan Ahal welaýat köpugurly hassahanasynda arhiw işini we iş dolandyryşy alyp barmak boýunça degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmeni öz çykyşynda resminamalary tertipleşdirmek we döwlet saklawyna tabşyrmak barada giňişleýin gürrüň berdi. 

Okuw maslahatynyň dowamynda iş dolandyryşda resminamalary we işleri emele getirmegiň, olary resmileşdirmegiň, işleriň at ýazgysyny düzmegiň hem-de pudaklaýyn arhiwde resminamalary hasaba almagyň döwrebap kadalary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem hemişelik saklanylmaly resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrylmak düzgünleri ara  alnyp maslahatlaşyldy.