Täzelikler

Назад

26.06.2026

Bir tarapy tekstli resminamalary dikeltmek

Merkezi barlaghananyň işgärleri tarapyndan “Bir tarapy tekstli resminamalary dikeltmek” atly tema boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapagy geçirildi.

Eger-de bir tarapy tekstli resminama uly zeper ýeten bolsa, ony ters tarapyndan tutuş gyrasyna uz boýuna mikalent kagyzy bilen berkidilýär. Resminamada ýeketäk ýolnan ýeri bar bolan ýagdaýynda diňe ýolnan ýerine mikalent kagyzy azajyk artyk goýberilip berkidilýär.

Işiň usuly:

  1. Taýýarlyk: işiň amatly bolmagy üçin resminama yşyklandyrylýan stoluň üstünde ýazylyp düzeldilýär.
  2. Arassalamak: gury ýa-da çygly arassalaýyş işleri geçirilýär.
  3. Dikeltmek: ýyrtylan ýerler kagyz zolaklary bilen birleşdirilýär, gopan ýerler kagyz massasy ýa-da aşlygy (gaty) bilen doldurulýar.
  4. Guratmak: resminamanyň gurluşynyň üýtgemeginiň (deformasiýasynyň) öňüni almak üçin ol pressiň (gysyjy guralyň) astynda guradylýar.

Dikeldiş wagtynda resminamalaryň hakykylygynyň ähli alamatlary saklanmalydyr. Gorap saklamakda we dikeltmekde ulanylýan usullar we materiallar resminamalar üçin zyýansyz bolmagyny  üpjün etmeli.