Täzelikler
Назад
30.07.2026
ÄHLIHALK GEŇEŞI – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz täze-täze ösüşlere we üstünliklere beslenip, dünýä ýaň salýan ägirt uly işleri amala aşyrýar. Syýasy asudalygy, halkyň jebisligini has-da berkiden Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Her bir döwletiň asuda, parahat durmuşyny üpjün edýän zatlaryň biri hem halkyň agzybirligidir. Agzybirlik – döwletliligiň gözbaşy, döwletlilik bolsa, halkyň bagtyýarlygydyr. Agzybirligiň bar ýerinde, saglyk bar, bagt bar, üstünlik bar, aýdyň ertirlere bolan ynam bar.
Halk arasynda ata-babalarymyzdan miras galan «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletli ilden ýol geçer» ýaly pähimlerden ugur alnyp, her bir işde il-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Ýaşululara geňeşip, halk bilen maslahatlaşyp başlanylýan her bir işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan Halk Maslahaty esasynda wekilçilikli we kanun çykaryjy häkimiýetiň konstitusion hukuk ýagdaýy täzeçe kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyň öň ýanyndaky Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk mynasybetli Baş arhiw müdirliginde hem «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti» atly maslahaty geçirildi.
Maslahatda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşýan, halkyň agzybirliginiň sakasynda duran il sylagly ýaşululara sala salmak ýaly türkmen halkynyň asylly däpleriniň dowam etdirilýändigi barada täsirli gürrüňler edildi.
Ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň, ilatymyzyň dürli kärdäki, ýaşdaky, garaýyşdaky wekilleriniň gatnaşyp, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň güwäsidigi barada çykyş edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy hakynda gyzykly söhbetdeşlik gatnaşyjylarda has-da uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem guraldy.