Täzelikler

Назад

03.08.2026

ARKADAG ŞÄHERINIŇ DÖWLET ARHIWINDE OKUW SEMINARY GEÇIRILDI

Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň bilelikde gurnamagynda “Kärdeşler arkalaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygy, iş dolandyryşy we arhiw işini alyp barmagyň düzgünleri” atly okuw-seminary geçirildi.

Seminara Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işewür agzalary we arhiwçileri gatnaşdylar.

Seminaryň esasy maksady iş dolandyryşyň we arhiw işiniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda hünärmenleriň bilimlerini artdyrmakdan hem-de tejribe alyşmagy kämilleşdirmekden ybarat boldy. Seminarda “Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde iş dolandyryşy guramak we alyp barmak boýunça Düzgünnama” bilen tanyşdyryldy we edara-kärhanalarda iş dolandyryşy guramak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem seminara gatnaşyjylar Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalar, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan usuly gözükdirmeler, düzgünnamalar, kadalar, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanaw bilen hem tanyşdyryldy.

Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän, raýatlaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar.