Täzelikler
Назад
07.08.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk bähbitli çözgütlerini durmuşa geçirmegiň ugurlary
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasy strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly başlangyçlar esasynda hakyky halk häkimiýetliliginiň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan wagyz-nesihat işleri Arkadag şäherinde hem giň gerime eýe bolýar.
Geçmişde möhüm meseleleri çözmekde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyp, maslahat etmegi özboluşly däbe öwrülipdir. Olaryň asylly ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir, milli demokratiýanyň dabaralanmagydyr.
Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk bähbitli çözgütlerini durmuşa geçirmegiň ugurlary” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň we esasy wezipeleriniň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek we hyzmat etmek bolup durýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.