Täzelikler

Назад

19.08.2026

TÜRKMENISTANYŇ ARHIW ULGAMYNYŇ TARYHYNDAN

Arhiwler halkymyzyň resminamalaýyn taryhy-medeni mirasynyň we durmuş tejribesiniň iňňän gymmatly genji-hazynasydyr. Olar türkmeniň geçmişini öwrenmek, şu gününi kämilleşdirmek, geljegini aýdyňlaşdyrmak üçin örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň arhiwleri resminamalar ýadygärligi bolup, olar halkymyzyň maddy hem ruhy durmuşyny beýan edýän taryhy, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ähmiýeti bolan resminamalaryň toplanýan, aýawly saklanýan ýeri bolup durýar. Arhiwler gadymy döwürlerde döräp, olar adamzat durmuşynyň taryhy maglumatlaryny özlerinde jemleýän resminamalaryň saklanýan ýeri bolupdyr.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň (TMAG) emele gelmegi patyşa Russiýasynyň Zakaspi oblastynyň çäginde degişli dolandyryş edaralary bolan döwründe başlanýar. Olaryň işi dürli resminamalaryň toplumyny döretmek bilen baglanyşykly iş dolandyryşy alyp barmagy talap edýär, bu resminamalar oblast (welaýat) we pudaklaýyn arhiwlerde toplanylýar.

ХIХ asyryň 70-nji ýyllarynda harby edaralardyr olaryň bölümlerinde, dürli kärhanalarda, demir ýol, statistik edaralarda we okuw mekdeplerinde arhiw resminamalarynyň toplanandygy barada maglumatlarda ýatlanylýar.

Şol ýyllarda Türkmenistanyň arhiwleriniň işi resminamalary toplamakda işjeňligi bilen tapawutlanýar, şonuň üçin bu döwür arhiw işini ýöretmekde ep-esli ösüş we gazanylan netijeler bilen häsiýetlendirilýär. 1918-nji ýylyň 1-nji iýunynda ýurduň arhiw işini täzeden guramak we merkezi edaralaryň käbir hyzmatlaryny ýerli edaralaryň ygtyýaryna bermek hakynda Dekret kabul edilýär. 1920-nji ýylyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň Harby komissarlygynyň ýanynda Arhiw bölümi döredilip, soňra ol Oblispolkomyň garamagyna berilýär. Bölüm resminamalary toplamak we saklamak bilen meşgullanýar.

1929-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi döredilýär. Arhiw edarasynyň esasy wezipeleri resminamalary toplamakdan, hasaba almakdan, abat saklamakdan we peýdalanmakdan ybarat bolýar. Döwlet arhiwi pudaklaýyn ýöriteleşdirilen we ylmy-barlag edaralaryň hem guramalaryň ulgamyndan ybarat bolýar. Bu gulluk öz bölümleriniň işine ýolbaşçylyk edýär we döwlet işiniň iň möhüm düzüm bölegi bolan arhiw işiniň ösdürilmegine jogapkär hasaplanylýar. Onuň bölümleri kabul edilýän materiallary toplamak, aýap saklamak, ylmy taýdan işläp bejermek, tutuş ýurduň döwlet arhiw gaznasynyň resminamalaryny giňden peýdalanmak bilen meşgullanýar. Döwlet arhiw gullugyna SSSR-iň Baş arhiwi ýolbaşçylyk edýär. Şunuň bilen birlikde, arhiw edaralarynyň işinde arhiw resminamalaryny toplamagyň we aýawly saklamagyň guralyşynyň syýasy, ylmy, hukuk, nazary we amaly taraplary hasaba alynýar. Arhiw ulgamyny, arhiw usulyýetini we amalyýetini ösdürmeklik SSSR-iň düzüminde bolan Türkmenistanda-da şu jähеtden alnyp barylýar.

Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny jar eden döwründen başlap beýleki ugurlar bilen birlikde, arhiw pudagynda hem ylmy barlag işlerini guramakda täze döwür başlanýar. Arhiw işini ösdürmegiň meýilnamalarynda ylmy barlaglaryň temalary anyk beýanyny tapýar hem-de täze hil derejesine eýe bolýar. Medeni aň-bilim çäreleri geçirilende, köpçülikleýin düşündiriş işleri alnyp barlanda olaryň giňden ulanylmagy hem şonuň bilen düşündirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň arhiw işiniň ösüşi we kämilleşdirilişi jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda geçirilýän özgertmelere laýyklykda, milli aýratynlyklary we döwletiň bähbitlerini göz öňünde tutup, arhiw işi boýunça ýörite kanun esasynda amala aşyrylýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinde Milli arhiw gaznasyny berkitmäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edildi. Döwlet syýasatyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy döredildi. Kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda, Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň ýokary hilli toplanylmagynyň, aýawly saklanylmagynyň we peýdalanylmagynyň usuly üpjünçiliginiň meseleleri çözülýär. Şu döwrüň içinde Türkmenistanyň Baş arhiw müdirligi tarapyndan arhiw işiniň umumy ösüşini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk we usuly resminamalaryň 170-den gowragy işlenip düzülip, iş tejribesine ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň döwlet arhiw edaralarynda XIX asyrdan soňky döwre degişli resminamalar saklanylýar. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde 1870-nji ýyldan başlap, häzirki döwri öz içine alýan kagyz esasly resminamalar saklanylýar. Türkmenistanyň kinofotofonoresminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwinde bolsa 1881-nji ýyldan başlap, biziň günlerimize çenli kinofotofonoresminamalar saklanylýar.

Arhiw edaralarynyň degişli bölümleriniň işgärleri tarapyndan taryhy gymmaty bolan resminamalaryň ýygyndylarynyň taýýarlanylyp, «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama we ylmy-usulyýet žurnalynyň döredilmegi we onuň yzygiderli çykyp durmagy bu ugurdaky işleriň herekete girendigini kepillendirýär. Şonuň ýaly-da, «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplaryň aýratynlykda welaýatlar boýunça tomlaşdyrylmagy arhiw maglumatlarynyň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär.

1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda wepat bolan, alan ýaralaryndan hassahanalarda ýogalan we dereksiz ýiten türkmenistanly esgerleriň atma-at sanawy getirilýän «Hatyra» kitabynyň bäş tomunyň hem-de dogduk mekanlaryna Beýik Ýeňiş bilen dolanyp gelip, Watanyň eşreti üçin göreldeli zähmet çeken gaýduwsyz esgerlerimiziň atlary ebedileşdirilen «Şöhrat» kitabynyň bäş tomunyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi aýdylanlary tassyklaýar. «Şöhrat» kitaby resminama maglumatlary esasynda ýazylan gymmatly eserdir. Onuň gahrymanlary urşuň gandöküşikli synaglaryny başdan geçiren, uruşdan soňky onýyllyklaryň dowamynda jan aýaman zähmet çeken, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pajarlap ösmegine, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň berkarar bolmagyna we pugtalanmagyna uly goşant goşan merdanalardyr. «Şöhrat» kitabynyň jemleýji 5-nji tomunyň aýratynlygy bolsa, onda «Hatyra» kitabynyň bäş tomuna we «Şöhrat» kitabynyň öňki çykan dört tomuna şol tomlar neşir edileninden soň döwlet arhiwlerine gelip gowşan goşmaça maglumatlaryň hem girizilenligindedir. Şol tom çapa taýýarlanylanda dürli çeşmeleriň (arhiw maglumatlarynyň, ylmy edebiýatlaryň, döwürleýin metbugatyň, frontçularyň ýatlamalarynyň we beýlekileriň) 400-den gowragy peýdalanyldy. «Şöhrat» kitabynyň 5-nji tomunda türkmenistanly gerçekleriň 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň frontlardaky söweş edermenlikleri barada öň mälim bolmadyk täsin maglumatlar we fotosuratlar, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary bolan 104 adamyň hem-de «Şöhrat» ordeniniň üç derejesiniň eýeleri bolan 19 adamyň sanawy çap edildi.

Arhiwçileriň neşire taýýarlan kitaplary, şol sanda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan türkmenistanly esgerler hakyndaky «Türkmenistan olara guwanýar» atly jemgyýetçilik-syýasy plakady, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň atma-at sanawy getirilýän köp jiltli «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplary, şeýle hem «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan «Syýasat we jemgyýet» žurnalynyň her ýyldaky goýberilişleri ýurdumyzda geçirilýän sergilerde aýratyn orun eýeleýär.

Resminamalary peýdalanmaklyk arhiw edaralarynyň işinde aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň arhiwçileri tarapyndan umumy möçberi 1,6 müň çap kagyzdan hem köp bolan 60-dan gowrak işler taýýarlanyldy we çap edildi. Ýurduň arhiwçileri gazetleriň we žurnallaryň, radio we telewideniýäniň redaksiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, arhiw resminamalaryny giňden wagyz edýärler, retrospektiw (geçmişi) maglumatlary peýdalanyjylaryň dürli ýüztutmalaryny kanagatlandyrýarlar. Bu günki gün türkmen arhiwçileri Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyny (TMAG) guramagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň ähli derwaýys meselelerini çözmegi başarýarlar. Hususan-da, resminamalaryň klassifikasiýasy, olaryň gymmatlylygynyň seljermesi, döwlet arhiwleriniň gurluş ulgamy, resminamalary aýawly saklamagyň ylmy guralyşynyň esaslary bilen baglanyşykly meseleler üstünlikli çözülýär. Arhiwlerde resminamalaryň gaznalar boýunça klassifikasiýalaşdyrylmagy olaryň döreýiş taryhlaryny göz öňünde tutup, birmeňzeş toparlar boýunça ulgamlaýyn guramaga mümkinçilik berýär.

Arhiw işgärleri tarapyndan TMAG-yň resminamalarynyň gymmatlylygyny seljermek hakyndaky meseläni çözmekde degerli ädimler ädildi. Şunda döwlet üçin has gymmatly bolan hemişelik saklanylmaga niýetlenen resminamalara aýratyn üns berilýär. TMAG-da resminamalar toplanylanda döwlet we pudaklaýyn arhiwleriň işinde mirasdüşerlik meselelerini çözmekde ýakyn aragatnaşyklar ýola goýuldy we bu meseleler üstünlikli çözülýär. Iş dolandyryşda resminamalaşdyrmak we resminamalary emele getirmek, olaryň gymmatlylygyny seljermek, ylmy-tehniki taýdan işlemek we arhiwlere toplamak bilen baglanyşykly meselelere TMAG-yň düzümini we guralyşyny kesgitleýän bir bitewi özara baglanyşykly iş hökmünde seredilýär. Seljermegiň häzirki zaman usulyýetinde we amalyýetinde TMAG-yň resminamalarynyň düzümini gowulandyrmak meselesi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň arhiwçileri çeşmeleri öwreniş, ulgamlaýyn we maglumat beriji tärleri ulanmak arkaly bu meseläni üstünlikli çözýärler.

Resminamalaryň hemmetaraplaýyn seljermesi olaryň mazmunyny, olary özünde saklaýan gaznalary we gaznalar toparlaryny çuňňur öwrenmek, gazna döredijiniň ähmiýetini, resminamalaryň emele gelen wagtyny we ýerini, olaryň awtorlaryny, asyl nusgalylygyny, göçürme nusgalarynyň barlygyny we beýleki häsiýetnamalary hasaba almak arkaly amala aşyrylýar.

TMAG-yň ähli resminamalary döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir. Häzirki zaman arhiwi öwrenişiň aýratynlygy resminamalaryň hasaba alyş ulgamynyň olaryň saklanyş ulgamy bilen bitewülikde alnyp barylýandygyndan we onuň pudaklaýyn we döwlet arhiwlerinde bar bolan ulgama laýyk gelýändiginden ybaratdyr. TMAG-yň resminamalaryny hasaba alyş ulgamy merkezleşdirilen häsiýete eýe bolup, yzygiderli ösüşi bilen tapawutlanýar.

TMAG-yň resminamalaýyn hazynasynyň ýeke-täk döwlet hasaba alynmagy ylmy-maglumat apparatyny döretmek üçin binýat bolup durýar, çünki onsuz döwlet arhiwleriniň jemgyýeti ilkinji çeşmelerden alynýan zerur retrospektiw maglumatlar bilen üpjün etmek baradaky işi mümkin bolmaýar. Arhiwçileriň iş tejribelerine häzirki zaman maglumat beriji tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar, saklamagyň we peýdalanmagyň aýratyn usullaryny talap edýän elektron resminamalar döredilýär.

Ylmy-maglumat apparatynyň aýratynlygy resminamalara ýazgylar düzülende, olaryň taryhy aspekti göz öňünde tutulyp, olaryň ylmy we milli nukdaýnazardan hemmetaraplaýyn we dogruçyl öwrenilýändiginden ybaratdyr. Şunda arhiw kataloglaryna salgy beriş apparatyny düzmeklige, şeýle-de arhiw gaznalary boýunça ugur görkezijilere we maglumatnamalara aýratyn üns berilýär. Ylmy maglumat apparatynyň (YMA) mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi we maglumaty gözlemegiň awtomatlaşdyrylmagy arhiwleriň ylmy-maglumat beriji işini gowulandyrmakda we arhiw resminamalaryndan peýdalanmagy guramakda möhüm bolup durýar.

Resminamalardan peýdalanmagyň netijeli we ýokary hilli guralmagy - arhiw işinden edilýän iň esasy talaplaryň biridir. Bu diňe jemgyýetiň retrospektiw maglumatlara bolan isleglerini hasaba almagyň gowy ýola goýlan ýagdaýynda, resminamalardan peýdalanmagyň her bir ugry boýunça maglumatdan peýdalanyjylaryň toparlarynyň öwrenilen we hasaba alnan ýagdaýynda, TMAG-yň resminamalaryndan peýdalanmaga rugsat bermegiň düzgüne salnan ýagdaýynda mümkindir. Türkmenistanyň arhiwçileri häkimiýet edaralaryna, edaralara we guramalara berilýän maglumatlaryň hiliniň, olaryň ýüztutmalarynyň we durmuş-hukuk häsiýetli ýüztutmalaryň ýerine ýetirilişiniň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň, sergileriň, peýdalanyjylara resminamalaryň berilmeginiň, arheografik neşir işleriniň we başgalaryň gowulanmagyny gazanýarlar.

Arhiw işiniň we iş dolandyryşyň mundan beýläk-de ösüşi we kämilleşdirilişi köp babatda arhiw edaralarynyň ylmy-barlag we usuly işiniň derejesine bagly bolup durýar. Ol iş arhiwleriň işleriniň has amatly tärlerini we usullaryny, ýeke-täk kadalaşdyryjy-usuly binýady döretmäge we işe ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, Baş arhiw müdirligi ýurduň kanunçylygy bilen kesgitlenen wezipelere laýyklykda, arhiw işiniň derwaýys meseleleri boýunça amaly iş üçin niýetlenen gözükdirijileri, kadalary, düzgünnamalary, kadalaşdyryjy-usuly gollanmalary işläp düzýär, neşir edýär we ýaýradýar, ylmy-barlag we usuly işleriň netijeleriniň işe ornaşdyrylyşyna gözegçilik edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň arhiw edaralarynyň işiniň üstünlikli bolmagy onuň, şol sanda dolandyryşyň, meýilleşdirilişiň, hasaba alnyşyň we hasabatlylygyň, gözegçiligiň, barlaglaryň, döwlet we pudaklaýyn arhiwleriň işgärleriniň hünär taýýarlygy derejesiniň ýokarlanmagynyň gowy guralmagyna baglydyr. Ýurdumyzyň bitewi arhiw syýasatyny alyp barmak işiniň döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Baş arhiw müdirligine we onuň edaralar ulgamyna ýüklenendir. Arhiw işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran permanlaryndan, kararlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ylmy işgärlerini, ministrlikleriň we dürli pudak edaralarynyň hünärmenlerini, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, talyplaryny, okuwçylaryny, ülkäni öwrenijileri, Türkmenistanyň taryhy bilen gyzyklanýanlary gerek bolan arhiw resminamalary bilen üpjün etmekde jan aýaman zähmet çekýärler. Çünki jemgyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň arhiw işiniň has hem kämilleşdirilmegi, halkymyzyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanylyp, geljekki nesillere ýetirilmegi arhiwçi hünärmenleriň Watanymyzyň, halkymyzyň öňündäki mukaddes borjudyr.

 

Ýazmuhammet ATAÝEW,

Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň

maglumat bermek boýunça arhiwçisi.

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2025-nji ýyl üçin 25-nji goýberiliş