Täzelikler

Назад

27.08.2026

Owazasy älem-jahana aýlanan bagşy

Gahryman Arkadagymyz

Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Bagşylar türkmen halkyny şöhratly ýeňişlere, beýik üstünliklere galkyndyryp gelipdirler hem-de milletiň ruhy taýdan kämil bolmagyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly dowam etmeginde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil döwrebap ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna giň ýol açylýar. Aýgytly ösüşleriň ýoluna düşen medeniýetimiziň belent derejelere ýetmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyza halkymyzyň hoşallyk alkyşlary çäksizdir. Sebäbi bu gün milli medeniýetimize, sungatymyza berilýän uly üns görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň ösdürilmegi, öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan joşup çykan «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplary bolsa milli medeniýetimiziň ösmegine uly badalga berdi.

Hawa, halk bagşylarymyz, onda-da dessançy bagşylarymyz ulus-iliň iň ýakyn, mähriban adamlarydyr. Olaryň dilden-dile geçirip aýdan şirin aýdymlary milli sungatymyzyň jadylaýjy gudratyna güwä geçýär. Magtymguly şahyrymyz ýaly danalaryň sözünden kanagat tapýan türkmen üçin aýdym-sazdan belent zat ýokdur. Asyrlardan-asyra geçip gelýän şol heňleri, aýdym-sazlary bolsa her bir bagşy-sazanda özüçe timarlaýar. Aýdym-saza baglanan ykballaryň her haýsysynyň öz täsinligi, özboluşlylygy bar.

Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa hem türkmen halk aýdym--saz sungatynyň ägirtleriniň biri bolup, öz aýdan türkmen halk aýdymlary, dessanlary, çalan şirin sazlary bilen sungat muşdaklarynyň göwünlerini galkyndyran, türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine, baýlaşmagyna öz mynasyp goşandyny goşan zenan bagşylaryň biridir. Akjagül bagşy diýeniňde türkmen halkynyň geçmişde yz goýan zehinleri, olaryň ölmez-ýitmez edebi mirasyny, beýik şahsyýetleriň döreden sungat eserlerini ýatdan bilýän uly bir şahsyýet nazaryňda örboýuna galýar. Munuň özi Akjagül Myradowanyň Hak tarapyndan paý berlen uly zehininden, ýatkeşliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.

Öz şirinden-şirin aýdym-sazlary bilen halkymyzyň hakydasynda öçmejek yz galdyran Akjagül Myradowa 1924-nji ýylyň 13-nji martynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda eneden dogulýar. Akjagül bagşynyň ykbaly ýaşlykdan kynçylyk­ly günler bilen bagly bolupdyr. Çagalykdan ata-ene mährinden mahrum bolan ýaşajyk Akjagül, jigileri bilen şol wagtky Köneürgenjiň çagalar öýünde terbiýelenipdir. Ýöne köp wagt geçmänkä Akjagülüň daýysy ony öz öýünealyp gaýdypdyr. Şonda ýaşajyk Akjagül daýzasynyň öý işlerine kömekleşipdir, çagalara seredipdir. Ýaşlykdan Akjagülüň geň galdyryjy labyzly sesi bolupdyr. Onuň çagany uklatmak üçin aýdýan hüwdüleri has-da täsirli bolupdyr. Ýaş gyz ähli zatda aýdyma daýanypdyr. Ol aýdymy özüne penakär hasap edinipdir.

Akjagül Myradowa aýdym-saz dünýäsine ilkinji gezek mekdepde okap ýören wagtlary gadam basypdyr. Ol mekdebiň çeper höwesjeňler gurnagyna uly höwes bilen gatnapdyr. Akjagül Myradowa mekdepde aýdym-saza, çeper okaýşa bolan höwesi, kesgir ukyby, zehini bilen beýleki boýdaşlaryndan tapawutlanypdyr. Ol gurnakda öwrenen aýdym-sazlary bilen oba mekdepleriniň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerinde yzygiderli çykyş edip, uly sylaglara mynasyp bolupdyr.

Günleriň birinde Daşoguzyň sazly-drama teatrynyň konsert topary iş sapary bilen Akjagül bagşynyň obalaryna gelipdir. Bagşy-sazandalara gözi düşen Akjagül Myradowa muňa gaty begenipdir. Konsert mekdebiň golaýyndaky meýdançada guralypdyr. Şol döwürde teatryň milli aýdym-saz toparyna türkmen topragyny bilbil owazy bilen aňk eden, Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýew ýolbaşçylyk edipdir. Konsertde ýere düşelen palasyň üstünde Sapar Bekiniň gyjagynyň şirin owazyna goşup Magtymguly Garly (Çuwal bagşy) aýdyma başlanda ýaşajyk Akjagül bar ünsi bilen olary diňläp, ondan uly lezzet alypdyr. Gelen tomaşaçylary synlap oturan Magtymguly bagşy märekeden saýlanyp, özlerine garşy kem-kemden süýşüp gelýän gyzyň aýdym-saza höwesiniň bardygyny aňypdyr. Ol Akjagüli orta çykaryp, bilýän aýdymlaryny aýdyp bermegini ündäpdir. Şonda ol «Zülpüň seniň», «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Bag seýline geledir» diýen halk aýdymlaryny aýdyp beripdir. Onuň dury we hoş owazy bilen ýerine ýetiren bu aýdymlary diňleýjileriň-de, Magtymguly halypanyň-da göwnünden turupdyr. Toparyň sungat ussatlary bolsa onuň aýdym aýdyşyna guwanypdyrlar. Şonda Magtymguly bagşy bu ýaş gyza özüniň döreden toparyna işe çagyryp, şeýle diýipdir:

– Tüweleme gyzym! Ýakymly gowy sesiň bar, saza gowy düşünýärsiň. Çakym çak bolsa senden gowy bagşy çykar. Sen täze aýdymlary yzygiderli öwren. Bizem saňa halypaçylyk goldawyny ederis. Ýöne, kynçylyklardan gorkmagyn. Bagşy bolmak her kime ýetdirýän zat däldir. Sen geljekki zenan bagşylaryň arasynda törden orun alsaň gerek. Sebäbi, aýdym aýtmaga sende ýeterlik sesem, yhlasam bar eken. Men Daşoguz teatrynyň ýanynda ýaş bagşylaryň toparyny döretdim. Eger isleseň, çekinme-de, senem biziň toparymyza bar....

Elbetde, şol döwürlerde Magtymguly halypa ýaly atly-abraýly hem-de çyn ussatlaryň her bir gezip ýören oglan-uşaga beýle baha bermejekdigi belli zat.

Şeýlelikde, Magtymguly halypanyň atalyk aladasy bilen Akjagül Myradowa ýaşlygyndan aýdym-saza baş goşupdyr. Şol ýyllar bu toparda ol Magtymguly Garlyýewden tälim alan Ryzaguly Ataýew, Gurban Seýitmädow, Tüýli Otuzow, Begjan Haljanow ýaly ussatlar bilen bile işläp başlapdyr. Ynha şol günlerden başlap, bu ýalňyz gyzyň hossary-da, howandary-da aýdym-saz bolupdyr.

Inçe senedi mydamalyk hemra edinen Akjagül Myradowa döwürdeş zenan bagşylarynyň arasynda dessan öwrenip, ony halka ýetirenleriň ilkinjisidir. Bagşyçylyk sungatynyň bu däbiniň tirmeçilikden tapawutlanýan ençemeaýratynlyklary bar. Ähli pikirleri bir ýere jemläp, dessanyň mazmunyny yzygiderli çözlemek, kerwen tutup gelýän aýdym-äheňleri ýerbe-ýer ulanmak dessançylyk däbiniň esasy özboluşly tarapydyr. Bu kyn hem-de ýokary ussatlygy talap edýän däbi Akjagül Myradowa kemsiz ele alan bagşylaryň biri bolupdyr.

Magtymguly halypa gol beren, Aşyk Aýdyň pirden pata alan Akjagül Myradowa bagşyçylyk sungatynda barha kämilleşip, ussatlyga ýetişýär. Halkyň arzyly bagşysyna öwrülen Akjagül Myradowa «Görogly» eposynyň «Bezirgen» şahamçasyny, Berdibaý gyjakçynyň halypalyk etmeginde «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» dessanlaryny we ençeme tirme aýdymlaryny il-halkyna miras goýup, olary üýtgeşik şirin labyz bilen hiç bir bagşynyňka meňzetmän aýtmagy başarypdyr. Esasan hem «Hüýrlukga-Hemra» dessanyny ýerine ýetireninde, onuň naçar ýüregi ynsanyň gam-gussasyny, şatlygyny aýratyn inçelik bilen duýsa, dili uly ussatlyk bilen şol duýgyny teswirläpdir. Mysal üçin, dessandaky Hysrow şanyň Hemrajandan derek tapman, guýynyň başynda zar-zar aglap:

Dynmaý säher perýat etsem, 

Taparmenmi, balam seni?

Ýyrtyp ýakamy çäk etsem, 

Taparmenmi balam seni?

– diýen setirlerini Akjagül bagşy şeýle bir zarynlyk bilen aýdanda, diňleýjiler onuň täsirinden uzak wagtlap çykyp bilmändirler.

Mundan başga-da, zenan bagşynyň beýleki dessanlardan ýerine ýetiren aýdymlary hem giň köpçüligiň göwnünden turupdyr. Mysal üçin, «Zöhre-Tahyr» dessanyndan ýerine ýetiren «Gyzlar göteriň sandygy» atly aýdymy bilen hemmeleri haýran galdyrmagy başarypdyr. Ol «Görogly» eposynyň «Bezirgen» şahamçasyny-da dessan görnüşinde uzak ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiripdir. Akjagüli dessandaky türkmen aýal-gyzlarynyň näzikden merdana, asylly keşbini giňden açyp görkezýän Göroglynyň uýasy Aýsoltandan aýry göz öňüne getirip bolmandyr. Dessanyň baş gahrymanlary Görogly bilen Aýsoltanyň aýdyşyk aýdymyny ýerine ýetirende Akjagül bagşynyň gaýnawly ýakymly sesi kä Aýsoltan bolup zarynlasa, kä Aýsoltana ýalbarýan Görogly bolup ýaňlanypdyr. Märeke bu ýakymly owazyň täsiri bilen kä gülüp, kä aglap oturypdyr. Bu gahrymançylyga ýugrulan epos kynçylykly döwürlerde oba adamlaryna uly goltgy beripdir.

1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Halypa bagşy bu pajygaly ýyllary şeýle ýatlaýar:

– Bagşylar topary bolup Darganatada konsert berip ýördik welin, «Uruş başlandy» diýen şum habar gelip ýetdi. Biz Daşoguza dolanyp geldik. Bile işleşip ýörenlerimiziň hersi bir ýere düşdi. Sülgün Meretgeldiýewa bilen Aýgül Alyýewa ikisi Tagta gitdiler. Täjigül bagşy bolsa Magtymguly halypa, Sapar Beki dagy bilen Aşgabadyň filarmoniýasyna gitdiler. Meni bolsa Daşoguzdaky uçilişä okuwa iberdiler. Kyrk bäş günlük kursy tamamlanymdan soň Telman raýonynyň Kalinin kolhozyna mugallym bolup işe gitdim we şol ýerde 1946-njy ýyla çenli işledim. Uruş tamamlanandan soň Daşoguzda ýene-de bagşylar toparyny döretdiler. Oňaýene-de Beki gyjakçyny, Tüýli Otuzowy, Berdibaý gyjakçyny, meni işe aldylar. Biziň aramyzda şeýle hem Gazak gyjakçy, Galandar bagşy, Molla bagşy dagy hem bardy...

Ynha, Akjagül Myradowanyň bagşyçylygynyň irki döwri şeýle geçipdir. Uruş tamamlanandan soň, ol ýene-de öz söýgüli kärini dowam etdiripdir.

1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlügine gatnaşmak bagty Akjagül Myradowa-da nesip edipdir. Şonda zenan bagşy özüni iň bagtly adamlaryň biri hasaplapdyr. Ol Moskwanyň Uly teatrynda çykyş edip, «Mukamlar başy» atly halk aýdymyny ýerine ýetiripdir. Moskwaly diňleýjiler onuň ussatlygyna terjimesiz düşünipdirler. Geçirilen dabara onuň üçin döredijilik mekdebi bolupdyr.

Şol konsertden alan belent ruhy, toplan güýji Akjagül Myradowanyň köp ýurtlarda çykyş etmekligine höwesini artdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň döredijiliginde «Derdiňden», «Hajygolak», «Gola gel» ýaly halk aýdymlary, «Ne boldy» diýen garagalpak aýdymy, «Kyrk ýyl içinde», «Şahyrym» diýen aýdymlary uly orun eýeläpdir we sungat äleminde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Aýdymçy zenanyň aýdymlaryny diňleýjiler uly höwes bilen diňläpdirler.

Türkmen bagşyçylyk ýolunyň dürli ugurlarynyň halypa-bagşylarynyň aýdymlaryny yzygiderli diňläp, olaryň iň gowy däplerini özüne siňdiren Akjagül Myradowa 1961–1967-nji ýyllarda şol wagtky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň bölüminde bagşy bolup işlän wagtlarynda-da, ondan öňki hem-de soňky ýyllarda-da Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurmyrat Annaýew, Oraz Saryýew, Garýagdy Alyýew, Ata Ablyýew, Tugur Berdiniýazow ýaly belli halypalar bilen ençeme duşuşyklara, konsertlere gatnaşýar. Şol döwürlerde zenan bagşy ýurdumyzyň oba-şäherlerinde, şeýle hem Özbegistanyň, Täjigistanyň birnäçe şäherlerinde bolup, öz ussatlygyny äşgär edipdir. Ol Aýbibi Atahanowa, Bahar Agaýewa, Bahargül Galpakowa ýaly zehinli zenanlaryň ilhalar bagşy bolup ýetişmekleri üçin hem uly alada edipdir. Bu ussadyň dürli ýyllarda ýazga geçiren «Gülzar eýledi», «Gutlaň toýuny», «Nirede galdy», «Heserli», «Gelemen» ýaly aýdymlarynyň onlarçasy bilen «Hüýrlukga–Hemra» dessany indi ençeme ýyllardan bäri Türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanýar.

1967-nji ýylda bolsa zenan bagşy Akjagül Myradowa türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Özbegistanda bolup geçen ongünlügine gatnaşmak bagty miýesser edipdir. Şonda zenan bagşy türkmen we garagalpak dillerinde şirin mukamlar çalyp, aýdym aýdyp tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başarypdyr.

Halkyň hormaty, döwletiň sylaglary zenan bagşynyň söýgüli käriniň has-da kämilleşmegine getiripdir. Akjagül Myradowa milli bagşyçylyk sungatynda uly yz goýan halypa hökmünde aýdym-saz sungatynyň taryhyna girdi.

Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowanyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyzyň bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly atlar dakylýar. 1994-nji ýylda bolsa zenan bagşy Akjagül Myradowa Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy boýunça «Gaýrat» medaly bilen sylaglanýar. 2004-nji ýylyň 30-njy noýabrynda türkmen halkynyň uly hormatyna mynasyp bolan hormatly bagşysy Akjagül Myradowa, özüniň dutary bilen giden bir umman ýaly aýdymdyr dessanlar toplumyny il-halkyna miras goýup, bakyýete göç etdi.

Türkmenlerde «Çyn gül saklasaň, müň ýylda solmaz» diýen aýtgy bar. Mahmal owazly zenan bagşy Akjagül Myradowanyň aýdan aýdymlary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem tele- we radioýaýlymlaryň üsti bilen belentden ýaňlanýar.

Türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelýän halypa-şägirtlik mekdebi, halypa bagşylarymyzyň dillerinde saýran dessanlarymyz gymmatly miras hökmünde nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şonuň üçin-de milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussat bagşy Akjagül Myradowanyň bagşyçylyk ýoly-ýörelgesi häzirki wagtda ýaş bagşylar tarapyndan dowam etdirilýär.

 

Dünýägözel BEKIÝEWA, 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň 

Döwlet kitaphanasynyň 

«Sungat» bölüminiň bölümçe müdiri.

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2022-nji ýyl üçin 23-nji goýberiliş