Täzelikler

Назад

04.10.2024

XIX ASYRYŇ AHYRLARYNDAN XX ASYRYŇ BAŞLARYNA ÇENLI DÖWÜRDE SUW DEGIRMENLERINIŇ TÜRKMEN DURMUŞYNDAKY ORNY DOGRUSYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gojaman we şöhratly taryha eýe bolan, adamzat medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halkymyzyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini ylmy esasda çuňňur öwrenmeklige uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda (Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 19-njy marty): «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris» diýip, nygtalýar.

Ylmy işgärlere we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen makalamyzda ХIХ asyryň ahyrlarynda – ХХ asyryň başlarynda türkmenleriň un üweýän hojalygynyň gurnalyşy, özboluşly aýratynlyklary barada, suw degirmenleri bilen bagly bolan däp-dessurlar, yrymlar we ynançlar, olaryň türkmeniň nusgawy edebiýatynda we halk döredijiliginde tutan orny barada gürrüň etmekligi maksat edindik. Gynansak-da, türkmenleriň suw degirmenleriniň hojalykdaky orny, hyzmaty, suw degirmenleri bilen bagly bolan däp-dessurlar, yrymlar we ynançlar, olaryň halkymyzyň ruhy dünýäsindäki orny ýaly meseleler türkmen taryhçylary we etnograflary tarapyndan entek doly öwrenilmedi. Taryhçylaryň türkmeniň un üweýän hojalygy we degirmenleri barada ýörite we göwrümli maglumat goýup gitmändiklerini, degirmenler bilen bagly maglumatlaryň ýurdumyza saý-sebäp bilen düşen syýahatçylaryň we gadymy awtorlaryň işine şäher ýa-da hojalyk barada ýazgylar galdyranlarynda gysgaça agzap geçendiklerini hem bellemeli.

 

Işi ýazmak üçin giň arheologik we etnografik maglumatlar, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri, halk döredijiligi, galyberse-de, awtoryň onlarça ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ençeme etraplarynda bolup, ýaşulular bilen duşuşyp-gepleşip toplan maglumatlary giňden peýdalanyldy. XIX–XX asyryň arhiw we metbugat maglumatlarynyň hem işimizde giň peýdalanylandygyny bellemek zerurdyr.

Taryh ylmynda ählumumy ykrar edilen maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäklerinde el we suw degirmenleri biziň eýýamymyzyň I–IV asyrlarynda giňden ýaýrapdyr. Arheolog W.N.Pilipkonyň berýän maglumatlaryna görä, diňe Ahal iliniň çäklerinden (häzirki Gäwers-Arçman aralygy) şu döwre degişli bolan 100-e golaý dürli ululykdaky bütin we ýarty degirmen daşlary tapylypdyr.

Taryhy ýazuw çeşmelerinde Türkmenistanyň çägindäki suw degirmenleri baradaky ilkinji maglumatlar VII asyra degişlidir. 651-nji ýylda Orta Aziýany araplaryň basyp alan döwründe Sasanylar döwletiniň ýurdundan gaçybatalga gözläp gelen soňky patyşasy Ýezdegert III Murgabyň boýunda bir suw degirmeniniň içinde öldürilýär. Taryhy çeşmelerde (Al-Belazuri, At-Tabari, As-Salibi, Abu Reýhan Biruny we beýleki awtorlar) bu wakanyň bolup geçen obasyna Zarik, Zark, Razik atlary berýärler.

Resmi maglumatlara görä, 1896-njy ýylda Zakaspiý ülkesinde 248 sany işläp duran, 25 sany taşlanan, işledilmeýän suw degirmenleri hasaba alnan eken. Şol işleýän suw degirmenleriň sanawyndan Ashabat uýezdinde 145, Merw uýezdinde 47, Tejende 29, Krasnowodsk uýezdinde bolsa 27 suw degirmeni bar eken. Olaryň un üwemek kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça aşakdakylara deň bolupdyr: Marydaky degirmenleriň ukyplylygy bir gije-gündiziň dowamynda 60 puta, Ashabat we Krasnowodsk uýezdindäki degirmenleriňki 30 puta, Sarahs pristawlygyndaky degirmenleriňki 35 puta, Etrek pristawlygyndaky degirmenleriňki bolsa 3, 5 puta barabar bolupdyr. Şeýlelikde, ähli Zakaspiý ülkesiniň suw degirmenleri bir gije-gündiziň dowamynda 9260 put bugdaýy üwemäge ukyply bolupdyrlar.

XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda Russiýa imperiýasy batly gadamlar bilen kapitalistik ösüş ýoluna düşüp, senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulyp ugrapdy. Bu ýagdaý onuň düzümine giren Zakaspiý ülkesiniň hojalygyna hem uly täsir edýärdi. Oblastda diňe suwuň güýji bilen däl, eýsem, beýleki güýçleriň (bug, kerosin, tok) peýdalanmagynda işleýän degirmenler gitdigiçe artmak bilen bolýar. 1914-nji ýylda tutuş Zakaspiý ülkesi boýunça 18 sany bug bilen işleýän we 145 sany suw degirmenleri hasaba alnan eken.

Turuwbaşdan bellemeli zat: suw degirmenleriniň işlemegi üçin iň möhüm şertleriň biri suw akabalaryň, aýdaly kiçiräk derýalaryň (Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek, Çendir), suw-çaýlaryň (Mäne çaý, Çäçe çaýy, Çüli çaýy, Altyýap, Sekiz­ýap, Arçman ata, Germap we Duşak çaýy, Manyş, Nowata, Sünçe, Hywaabat we başgalar) bolmagydyr. Olaryň ýok ýerinde – şu günki çäklerimizde Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň obalarynda suw degirmenleri bolman, el degirmenleri bilen birlikde malyň güýji bilen (eşek, düýe, ýaby) herekete getirilýän degirmenler – harazlar giň peýdalanylypdyr.

ХХ asyryň başlarynda ýörite tabşyryk boýunça Zakaspiý ülkesinde ýeriň-
-suwuň peýdalanylyşynyň ýagdaýyny öwrenip, bu babatda biziň üçin örän baý we gymmatly maglumatlary goýup giden Ýa. Taýirowyň berýän maglumatlaryna görä, Şorgalada, Babarapda, Bäherdende bäş-bäşden suw degirmeni bar eken, Arçmanda, Ashabatda, Gyzylarbatda 6 sany suw degirmeni, Kakada we Garry Nohurda 7 sany, Durunda, Kelеtеdе, Büzmeýinde olaryň sany 8-e barabar eken, Bamy we Börme obalaryň hersinde 10 sany degirmen bolan bolsa, Ýaňgalanyň töwereginde olaryň sany 27-ä barabar bolan eken. Olaryň köpüsiniň öndürijiligi pes bolup, bir gije-gündiziň dowamynda 30–100 put bugdaýy üwemäge ukyply ekenler. Juda uly, güýçli we öndürijilikli suw degirmenleri hem bolupdyr. Aýdaly, Gökdepedäki «Agatly degirmen» bir gije-gündiziň dowamynda 180 put bugdaýy üwäp bilipdir.

Ençeme ýyllap Zakaspiý ülkesiniň Sarahs pristawlygynda, Tejen uýezdinde dürli wezipelerde işläp, türkmen däp-dessurlary we adaty boýunça gyzykly mag­lumatlary top­lap, 1897-nji ýylda aýratyn kitap edip okyja ýetiren A. Lomakiniň aýratyn nygtaýşyna görä, türkmenlerde degirmeni gurdurmak, satmak, çalyşmak, miras goýmak, oňa eýeçilik etmek ýaly meseleler adat esasynda çözülipdir.

Degirmeni ýörite ussalar köp wagt we serişde harçlap salar ekenler. Iň meşhur ussalar Deşitli Sähet ussa we onuň ogly Magtym ussa bolupdyr. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Sähet ussa Ahalda we Sumbar jülgesinde      30-a golaý ululy-kiçili degirmen gurupdyr. Ahalda Paýty ussa, Annaweli ussa, Magtymguly etrabynda Annageldi ussa, Mämmetgara ussa, Beg ussa ýaly degirmen gurýan tanymal adamlar bolupdyr.

Suw degirmenlerini barly adamlar gurduryp, eýeçilik edipdirler. Halk arasynda baý-döwletli, güýçli we barly adama «onuň demi degirmen ýöredýär» diýilýän söz hem bardyr. Köplenç ýagdaýda suw degirmenine iki-üç bolup eýeçilik ediler ekeni. Oňa «şäriklik» diýipdirler. Şonuň ýaly ýagdaýda olar özara gepleşip, 10–15 gün, bir aýlap, eger şärikleriň sany köp bolsa 5–7 günläp nobatyna degirmeni işledipdirler we eýeçilik edipdirler. Ata-baba gelýän adata görä, degirmen şahsy bir adama degişli bolsa-da, ol tutuş halkyňky hasaplanyp  goralypdyr we degirmeniň eýesi halk arasynda uly sylag-hormatdan peýdalanypdyr. Türkmençilikde suw degirmenlerini satmaklyk meselesi «şepelik» düzgüni esasynda amala aşyrylypdyr. Aýdaly, degirmenleriň eýeleriniň biri öz paýyny satmak islese, ony ilkinji nobatda, özüniň şärikli eýelerine, ýagny şol degirmeniň beýleki eýelerine ýa-da obadaşlaryna teklip etmeli eken.

Degirmen eýeleriniň alýan girdejileri barada. Eger suw degirmeni salnanda onuň geljekki eýeleri harajatlary we çykdajylary deň çykaran bolsalar, onda girdejiler hem deň bölünipdir. Harajaty köp çykaranyň ýa-da gurulýan degirmeniň ýeriniň eýesiniň haky köpräk bolupdyr. Eger eýeleriň biri başga obadan bolsa, ýerli eýesiniň hukugy artygrak bolupdyr. Elbetde, suw degirmenleri eýelerine kän girdeji getirýän ekenler. Halk arasynda «Degirmenim – bezirgenim», «Degirmen – ýedi hazynanyň biridir» diýen ýaly meşhur aýtgylar giň ýaýran eken.

Suw degirmenleri, mümkingadar, obanyň gyrasynda, baýyr eteginde, uly ýollaryň çatrygynda gurlupdyr. Ýaşulular bu ýagdaýy şeýle delillendirýärler. Suw degirmeniniň töweregine un çekmäge köp märeke, şol sanda beýleki obalardan we etraplardan, hatda Eýranyň serhetýaka obalaryndan düýeli, atly, eşekli ýükli gelipdirler. Kähalatlarda, bugdaýlaryny üwetmek üçin – «un çekmek üçin» birnäçe gün şol ýerde galmaly wagtlary hem bolupdyr. Şeýlelikde, suw degirmenleriniň töwerekleri elmydama adamly we goh-galmagally ýere öwrülipdir. Şol nukdaýnazardan gelip-gidýänlere amatly şert döretmek, obalarda bolsa artykmaç üýşmeleňi döretmezlik üçin, degirmen obadan daşrakda bolsa kem görülmändir. Şeýle hem degirmen işlände güwwüldili ses çykypdyr. Mälim bolşy ýaly, agramy 100 kilodan hem gowrak daşlar bir-birlerine sürtülip, aralaryna düşen bugdaýy una öwürýärler. Ol sürtülme zerarly çykýan ses uzakdan hem eşidilipdir. Suw degirmenleriniň güýçli sesi we töweregindäki goh-wagyrdylar olaryň obadan uzagrakda salynmagynyň ýene bir sebäpleriniň biridir. Türkmenlerde munuň bilen baglanyşykly birnäçe nakyllar we aýtgylar bardyr. Meselem «Degirmen öz işin eder, şakyrdysy baş agyrdar», «Degirmen uny üwär, sesi başy agyrdar».

Mahmyt Kaşgary suw degirmeniniň gohy bilen baglanyşykly köne türkmen nakylyny getirýär. Ol şeýle ýazýar: «Takirmandä tugmiş sijgän kuk kukrakiňä kurkmäs», häzirki döwrüň sözlüklerinde bu nakyl şeýle terjime edilýär: «Degirmende doglan syçan gök gübürdisinden gorkmaz».

Degirmeniň, hökmany suratda, ady hem bolupdyr. Ol at eýesiniň ady, tiresi ýa-da obanyň ady bilen, eger obada iki ýa-da ondanam köp degirmen bolsa – ululyklary, gurlan wagtlary, obada ýerleşýän ýerleri, alys-ýakynlygy, kähalatda degirmeni guran ussanyň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.

Suw degirmeninde galla üwelende degirmençiniň alýan hakyna «towza» diýlipdir. «Towza» hemmeler üçin birmeňzeş we hökmany bolupdyr. Ahalda, Etrekde, Garry Nohurda, Ýokary Sumbarda we Marynyň birgiden ýerlerinde towza üweljek bugdaýyň ýigrimiden birine barabar bolupdyr we diňe galla görnüşinde alnypdyr. Sarahs oazisinde, Orta Sumbar we Çendir jülgesinde towza üwelýän bugdaýyň ondan birine deň bolupdyr.

Degirmende nobat hem hökmany bolupdyr. Türkmenlerde «Degirmende göwün gören günajy galar, suw nobatynda göwün gören – ýylajy», «Degirmene barsaň, nobaty bilen» diýen ýaly nakyllar, aýtgylar hem bardyr. Degirmeniň işi üçin iň zerur zadyň suw bolmalydygy düşnüklidir. Ýokarda bellenilişi ýaly, suw aýratyn köp we güýçli akyp gelip, degirmen daşlaryny herekete getiripdir. Halk arasynda «Her kimiň bir derdi bar, degirmençiň derdi suw» ýa-da uly goh--galmagal birden togtaýsa: «Bä, degirmeniň suwy sowlan ýaly boldy» diýlen aýtgylar bar eken.

Suw degirmenleriniň ikinji we möhüm bölegi hem hökmany şerti degirmen daşlarydyr. Degirmeniň «ýüregini» suwa deňesek, «tenini» daşyna deňäp bolardy. Türkmenlerde «Degirmen iki daşdan, söýgi iki başdan», «Dişsiz agyz – daşsyz degirmen» diýen nakyllar hem bardyr.

Degirmen jaýynyň ortaça beýikligi 2,0 – 2,20 metrden uly bolmandyr. Içiniň uzynlygy 10–12 m-e barabar bolupdyr. Köne türkmen degirmenleri, esasan, bir jaýdan ybarat eken. Kähalatlarda gapdalynda bugdaý saklara kömekçi küme, kepbe hem bolan ýagdaýy bolupdyr. Kiçeňräk makalanyň göwrüminde suw degirmeniniň içinde we aşagynda ýerleşýän esasy abzallaryny diňe agzap geçmek bilen çäklenmek isleýäris. Olar: «Degirmen daşlary», «Doly», «Ýalakça», «Töw», «Teleke», «Ahyrça», «Top», «Burus», «Töwere», «Beçje», «Gez», «Göwersen», «Tagt», «Nowça».

ХIХ asyryň ahyrlarynda ýurdumyza kapitalistik, haryt-pul gatnaşyklarynyň aralaşyp başlamagy bilen şäherlerde türkmenleriň «otly degirmen» diýip at beren kerosin, dizel, bug bilen işleýän degirmenleri hem peýda bolupdyr.

Türkmenler suw degirmenini dünýäde bar bolan «ýedi gudratyň», «ýedi hazynanyň» biri hasaplapdyrlar. Halk içinde giň ýaýran rowaýatlara görä, ilkinji suw degirmenini «şeýtanyň ýardam bermeginde» Dawut Pygamber ýasapdyr. Degirmençiler işe başlanlarynda «Ýa Dawut pygamber!» diýip, işe başlapdyrlar. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde «Dawudyň degirmeni» diýen at berlen suw degirmenleri hem bolupdyr.

Halkyň arasynda suw degirmeniniň güýjüne-kuwwatyna, abraýyna we şöhratyna täsir etjek ençeme däp-dessurlar, yrymlar we tärler bolupdyr. Türkmeniň aňyrdan gelýän adaty boýunça täze gurlup ulanmaga berlen degirmende ýa-da düýpli abatlanan suw degirmeninde ilkinji iş güni un üweden adamlardan towza alynmandyr. Täze suw degirmeni gurlanda, onuň eýesi hudaýoly berermiş, täze harazyň eýesi bolsa ys çykarmalymyş. Suw degirmenine salam berip girmeli eken, içinde sygyrmak, sögünmek, kelleýalaňaç bolmak, içini hapalamak, äpişgesinden jyklamak, degirmeniň gapysyny batly şarkyldadyp ýapmak günä hasaplanypdyr.

Suw degirmenleri jana şypa beriji, köp dertlerden we kesellerden saplaýjy ýer hökmünde hem uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Onuň hem özüne ýetesi sebäpleri bardyr: suw degirmenleriniň, köplenç, öňi boşlugragam bolsa, agaçlaryň arasynda ýa golaýynda, suwuň boýunda ýerleşmegi, olaryň töwereginde jana şypaly mikroklimatyň bolmagy ilatyň olara bolan sarpaly garaýyşlaryny has hem güýçlendiripdir.

Bize mälim bolşy ýaly, ata-baba türkmen tebipleri ruhy taýdan näsag adamlary, uklap bilmeýänleri, bir zatdan gorkup, ýüreklerine gorky girenleri, möý çakanlary we ş.m. suw degirmenleriniň ýanyna eltip, okap açar ekenleri. Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur lukman-alym Seýit Ysmaýyl Jürjany-Gürgenliniň ýazan «Tebipçiligiň ýan kitabynda» türkmenleriň aňyrdan gelýän bu tebipçilik sungatynyň sebäbi babatda şeýle ýazylýar: «Üznüksiz, birmeňzeş gaýtalanýan sesler, suwuň we golaýda ýerleşen suw degirmeniniň sesi hem ukyňy tutdurýar, ýadawlygy we argynlygy dep edýär...».

Türkmenler birnäçe keselleriň öňüni almak ýa-da bejermek üçin suw degirmenlerine ýykylypdyrlar. Meselem, çaga gije gorkup, tisginip turýan bolsa ýa-da ýerine buşugýan bolsa, ony suw degirmeniň daşyndan üç gezek aýlapdyrlar. Halkyň arasynda taşlanan köne suw degirmenlerinde gijelerine «jyn-arwahlar bolarmyş» diýen ynanç hem bolupdyr. Türkmen porhanlary ýarawsyz adamlary keselden bejerýän mahallary töwerekdäki zatlary gamçylap, kesellä «ornaşan» al-arwahlara we bela-derde ýüzlenip: «Çöl meýdanlara bar, köne degirmene bar, pylanydan çyk» diýip, ençeme gezek haýbatly gaýtalap, kesellä medet berer ekenler.

Suw degirmenlere bir tarapdan keramatly zat hökmünde garamak, beýleki bir tarapdan köne we taşlanan degirmenlerde «jyn-arwahlar barmyş» diýen ynançlar goňşy özbek, täjik, gazak halklarynda hem bar eken. Aýratyn bellemeli zat, şeýle gapma-garşylykly garaýyşlar dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan, dürli dine uýýan halklara, şol sanda slawýan halklaryna, birinji nobatda, rus halkyna hem mahsusdyr.

Suw degirmenleriniň nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde, türkmen dessanlarynda we şadessanlarynda, halk döredijiliginde hem giň orun eýeleýänligini aýratyn belläp geçesimiz gelýär.

Sosial-ykdysady durmuşyň hemmetaraplaýyn özgermegi we ösmegi netijesinde XX asyryň ortalaryndan türkmen durmuşyndan suw, el degirmenleri we harazlar ýuwaş-ýuwaşdan gysylyp çykarylýar.

Häzirki zamanda halkymyza müňýyllyklaryň dowamynda hyzmat edip 
gelen suw degirmenleri milletimiziň maddy-medeni mirasy we ajaýyp taryhy-
-etnografik ýadygärlikleri hökmünde özboluşly gymmatlyklara öwrüldiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly 
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň özboluşly milli mirasyny, gojaman we şöhratly taryhyny, medeniýetini ylmy esasda çuňňur öwrenmeklige aýratyn üns berilýär, uly tagallalar edilýär we bu babatda uly üstünlikler hem gazanylýar. Indiki edilmeli işler hem öz beýanyny tapýar.

Şu setirleriň awtoryna öz döwründe oba muzeýlerine öwrülen suw degirmenlerini Russiýada, Ukrainada we Bolgariýada görmek miýesser edipdi. Biziň günlerimizde gadymdan galan suw degirmenlerini dikeldip, milli-medeni ýadygärliklere, kiçiräjik oba muzeýlerine öwrüp, ýaş neslimiziň olar barada habarly bolmagyny, halkymyzyň «Degirmenim – bezirgenim» diýip, asyrlar boýy söýgüläp gelen suw degirmenlerine milli-medeni miras, gudrat, hazyna hökmünde garamagyny terbiýelemek borjumyz hasaplaýarys.

 

Süleýman SÜLEÝMANOW,

taryh ylymlarynyň kandidaty,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň dosenti

 

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2022-nji ýyl üçin 23-nji goýberiliş