Täzelikler

Назад

20.06.2025

AHAL WELAÝAT ARHIWINIŇ TARYHY SAHYPALARY

Arhiwler jemgyýetiň maddy we ruhy durmuşyny şöhlelendirýän, bahasyny ölçäp bolmajak taryhy, ylmy, durmuş, syýasy, ykdysady we medeni ähmiýete eýedirler.

Türkmenistanyň arhiw gullugy ýurdumyzyň şöhratly geçmişi we şu güni barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary, örän seýrek hem-de gymmatly resminamalary özünde jemleýän we aýawly saklaýan tapylgysyz hazynadyr. Arhiwler halkymyzyň milli ýazuw mirasy bolup, şu günümizi geçen günlerimiz bilen baglanyşdyrýan ruhy ojakdyr. Her bir halkyň, şäheriň öz taryhy bar. Geçmiş diňe bir halkyň ýadyndaýa-da däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda saklanman, eýsem, taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan resminamalarda hem öz beýanyny tapýar. Olar maglumatlaryň gymmatly çeşmesi bolmak bilen jemgyýetiň ösmeginde hem möhüm orun eýeleýär.

TSSR-de arhiw edaralarynyň işini guramagyň ilkinji ädimleri harby edaralar tarapyndan amala aşyrylyp, 1920-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda RSFSR-iň düzümindäki Türküstan ASSR-niňTürkmen oblastynyň harby komissarlygynyň ýanynda Türkmen oblastynyň arhiw bölümi döredilýär. Türküstan Halk komissarlar sowetiniň1921-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykarankarary esasynda, 1921-nji ýylyň awgustynda Oblastyň arhiw bölümi ýapylýar we onuň ýerine ýetirmeliwezipesi, öň 1920-njiýylda Daşkentde döredilenTürküstan Respublikasynyň arhiw işi boýunça Merkezi dolandyryş müdirligine geçirilýär. Türküstan Respublikasynyň Halk komissarlar sowetiniň1921-nji ýylyň ýanwarynda çykaran«Oblast arhiw gaznasybaradaky» karary esasynda, Poltorask (Aşgabat) şäherinde TürküstanRespublikasynyň Merkezi arhiw işi müdirliginiň garamagynda Oblast arhiw gaznasy döredilýär. Bu bolsa, türkmen oblastynda arhiw işini guramagyň esasy kanunçylyk binýadyny goýýar.

1925-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda TSSR-iň harby komissarlygynyň buýrugy bilen Arhiw işiniňMerkezi müdirligi döredilýär. TSSR-iň Merkezi ýerineýetiriji komitetiniň Prezidiumynyň 1935-njiýylyň 15-nji maýyndaky «Okrug we raýon arhiwlerini döretmek baradaky» karary bilen Merkezi arhiw müdirliginiň garamagynda Aşgabat, Bäherden, Kaka we Gökdepe raýon arhiwleri döredilýär.

TSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1938-nji ýylyň 17-nji oktýa- bryndaky karary bilen TSSR Merkezi arhiw müdirligi arhiw bölümi hökmünde TSSR Halk komissarlar sowetiniň Içeri işleriniň garamagyna berilýär. TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň şu kararyna laýyklykda, 1939-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat, Bäherden, Gökdepe we Kaka raýon arhiwleri hem Halk komissarlar sowetiniň Içeri işleriniň garamagyna berilýär.

TSSR-iň Ministrler Sowetiniň1960-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky 423-nji kararyna laýyklykda, TSSR-iň Içeriişler ministrliginiň arhiwbölümi we Bäherden, Aşgabat, Gökdepe, Kaka raýon arhiwleri TSSR-iň Ministrler Sowetiniň ýanyndaky arhiw müdirliginiň garamagyna berilýär.

TSSR-iň Ministrler Sowetiniň1964-nji ýylyň 14-nji oktýabryndaky 453-nji karary bilen Aşgabat, Bäherden, Gökdepe, Kaka raýon arhiwleri ýatyrylýar we olaryň binýadynda ýokardaady agzalan raýonlaryň we Büzmeýin şäheriniň arhiw işlerine gözegçilik edýän, TSSR-iň Merkezi döwlet arhiwiniň Büzmeýin bölümi döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-njiýylyň 29-njy awgustyndaky 873 belgili «Ahal welaýatyny döretmek barada» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň Büzmeýin bölüminiň binýadynda Ahal welaýatynyň döwlet arhiwi döredilýär. Bu döwlet arhiwi Aşgabat, Bäherden, Gökdepe, Sarahs, Tejen, Babadaýhan, Ak bugdaý etraplarynyň we Büzmeýin şäheriniň çäklerine hyzmat edýär. 1994-nji ýylyň 1-nji iýulynda bolsa, Ahal welaýat häkimliginiň 1994-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky 21 belgili kararyna laýyklykda Tejen, Sarahs we Babadaýhan etrap döwlet arhiwleri döredilýär. 

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň döredilen gününden başlap, arhiw resminalamaryny toplamakda, hasaba almakda, tertipli ýerleşdirmekde, talabalaýyk saklamakda, arhiw işiniň dogrywe dürs ýola goýulmagynda O.Begenjow, R.Teňňeliýew, O.R.Jumaýewa, E.S.Džawagirýan, O.O.Utarowa, T.Ýelhanow ýaly birnäçe halypalaryň tagallasy uludyr. Arhiw işi boýunça resminamalaryň ýöredilişi boýunçausuly gollanmalaryň taýýarlanymagyna işjeň gatnaşan, täze döredilen etrap arhiwleriniň işiniň ugrukdyrylmagyna ýakyndan ýardam eden, usuly kömek beren halypa arhiw işgäri R.Teňňeliýew häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk edip, ýokary bilimli, kämil arhiwçi hünärmenleri taýýarlamaga öz saldamly goşandyny goşýar. Indi 40 ýyla golaý arhiwulgamynda zähmet çekýänE.S.Džawagirýan, O.O.Utarowa, T.Ýelhanow ýaly halypalar bolsa, arhiw işi boýunça gymmatly maslahatlary bilen halypa-şägirtlik mekdebini ýöredip, şu günler hem ýurdumyzyň arhiw ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda öz gujur-gaýratyny gaýgyrmaýarlar.

Türkmenistanyň arhiw gullugy köp ýyllaryň dowamynda gymmatly resmi- namalary ýygnamak, hasabyny ýöretmek, tertipleşdirmek, ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamak işlerini alyp barýar, pudaklaýyn arhiwlerine usulyýet goldawyny bermegi, olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar. 1941–1945-nji Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda-da, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky bolup geçen aýylganç ýer titremeden soň paýtagtymyzy harabalykdan täzeden dikeldilýän döwründe-de arhiw edaralary Milli arhiw gaznasyna degişli resminamalary ýygnamak, hasabyny ýöretmek, tertipleşdirmek işlerini tutanýerlilik bilen dowam etdirdiler.

Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli resminamalaryň dürli görnüşlerini toplamak, seljermek we olary aýawly saklamak bilen bagly işler has-da giňden ýaýbaňlandyrylyp, bu günki gün döwlet arhiw edaralarynda resminamalaryň aýawly saklanylyşyny üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Taryhymyzy öwrenmekde Beýik Watançylyk urşuna degişli resminamalaryň gymmaty türkmen arhiw işgärleri üçin esasy orun eýeleýär. Watanymyzyň urşa gatnaşan gaýduwsyz we edermen ogullarynyň görkezen gahrymançylyklary, edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň görkezen zähmet üstünlikleri barada gürrüň berýän dokumental resminamalaryň ençemesi arhiw gaznalarynda aýawly saklanylýar we gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Arhiw işgärleriniň esasy wezipesi şol pajygaly uruş döwrüne degişli subutnamalary – taryhy resminamalary aýawly saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

XX asyryň 90-njy ýyllarynda «Hatyra»we «Şöhrat» kitaplarynyň birinji neşiri, XXI asyryň 2021–2024-nji ýyllarynda çapdan çykan «Hatyra» kitabynyň rejelenen, ikinji neşiri şeýle subutnamalaryň biri bolup, bu kitap 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, Watan üçin söweşen, söweş meýdanlarynda wepat bolan we dereksiz ýiten türkmen esgerleriniň ýagty ýadygärligine, şeýle hem urşa gatnaşan hem-de mähriban ojaklaryna sag-aman dolanyp gelen türkmenistanly esgerlere bagyşlandy. 

Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ösen döwründe arhiwler aýratyn ähmiýetli edaralar bolup, olarda öz döwrüniň hakyky wakalaryny beýan edýän resminamalar saklanylýar.

Durmuş-hukuk häsiýetli arzalarykanagatlandyrmak Türkmenistanyň arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň biri bolup, arhiw işgärleri raýatlaryň zähmet we jemgyýetçilik işiniň, aýlyk zähmet haklarynyň, alan döwlet sylaglarynyň, döwlet tarapyndan paýlanylyp berlen mellek ýerleriniň, jaýlarynyň we ş.m. resmi taýdan tassyklanylmagy bilen bagly gelýän ýüztutmalaryň her günde ençemesinearhiw resminamlarynyň üsti bilen jogap berýärler. Arhiw tarapyndan berlen güwänama her bir raýat üçin anyk kömekdir. Öz ýüztutmasy boýunça arhiw güwänamasyny alan raýat döwlet tarapyndan bellenilýän pensiýa hakyna bolan hukugyny tassyklap bilýär, kimdir biri bolsa ol ýa-da beýleki emläge bolan eýeçilik hukugyna eýe bolýar, üçünji biri bolsa özüniň nesil şejeresini yzarlap bilýär.

Ýurdumyzyň taryhy bilen bagly geçmişi resminamalara aýawly çemeleşmäge borçly arhiw işgärleri her gün haýyş bilen ýüz tutýan raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak we zerur bolan maglumatlary taýýarlamak üçin, ençeme ýylyň geçmegi netijesinde sahypasy saralan köne resminamalaryň okamasykyn bolan tagta kagyzlarynyň ýüzlerçe sahypasyny elden geçirmeli bolýarlar.

Resmi taryhy mirasy saklaýjylar hökmünde arhiwler döwlet üçin örän ähmiýetli bolup, häzirki döwrüň arhiw işgäri ýokary bilimli, taryh bilen gyzyklanýan, giň gözýetimli, Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryndan we döwlet edaralarynda alnyp barylýan iş dolandyryşyň düzgünnamalaryndan oňat baş çykarýan, guramaçy, täze, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanyp bilýän, ýurduň arhiw gullugynyň işine täzeçillikleri ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gadam urýan başarjaň, sowatly hünärmendir.

Döredilen ilkinji günlerinden başlap, häzirki güne çenli arhiw gullugynyň işgärleriniňişi resminamalaryň aýawly saklanyşyny üpjünetmägegönükdirilendir. Arhiwçiniň işi, hakykatdan hem, hysyrdyly iş, bu iş yhlaslylygy, tutanýerliligi hem-de ünslüligitalap edýär. Arhiw resminamalary esasynda belli bir tema ýa-da mesele boýunça gözleg geçirmek, arhiwçiniň gündeki alyp barýan işiniňiň bir gyzykly taraplarydyr. Etrabyň, şäheriň taryhyndan täze delilleri tapyp, olary arhiw resminamalary boýunça täzeden dikeltmek, öz ülkäň taryhyna degişli ýetmeýän resminamalaryň üstüni delillendirilen maglumatlar bilen dolmak diýseň özüne çekiji iş.

Häzirki zaman döwlet arhiwleri resminamalary niýetleniliş aýratynlyklary boýunça saklamak üçin, biri-birinden tapawutlanýan demir tekjeleriň tutuş toplumy ýerleşdirilen ýagty giň otaglardan ybarat. Arhiw edaralarynyň häzirki zaman binalary resminamalary aýawly saklamak, olaryňýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawyň beýleki dürli zyýanly täsirlerinden goramak maksady bilen häzirki zaman tehnikalary, howa gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan.

Döwlet arhiwlerinde arhiw işi boýunça tassyklanylan düzgünnamalardan gelip çykýan wezipe borçlaryna laýyklykda, gündelik işleriň daşyndan medeni-köpçülikleýin we wagyz-nesihat çäreleri, döwür bilen bagly, şanly senelere bagyşlanan dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler, ekskursiýalar, arhiw resminamalarynyň hem-de fotofonoresminamalaryň nusgalarynyň sergileri guralýar. Ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerinde hem-de internet sahypalarynda dürli temalara bagyşlanan makalalar bilen çykyş edilýär.

Arhiwlerde häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalary arhiw işine ornaşdyrmak, kagyz resminamalaryny elektron göterijilere geçirmekýaly wajyp işler alnyp barylýar. Arhiwleriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň gün-günden artýan döwründe Türkmenistanyň döwrebap arhiwleri diňe bir taryhy resminamalaryň aýawly saklanylýan ýeri bolman, eýsem,ylmy we durmuş institutlary hökmünde halkymyzyň taryhyny, medeni we edebi mirasyny, dürli taryhy döwürlerde ýurdumyzyň syýasy we medeni-ylmy taýdan ösmegine goşant goşan görnükli şahsyýetlerimiziň ömri we döredijiligini öwrenmek üçin gymmatly çeşmeleriň saklanylýan ojagydyr.

2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly arhiw işgärleri üçin aýratyn şanly ýyllaryň biri bolup, şu ýyl Türkmenistanyň döwlet arhiw gullugynyň döredilen gününe 100 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan arhiw işi bilen bagly dabaraly maslahatlar, konferensiýalar, medeni-köpçülikleýin we wagyz-nesihat çäreleri has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Kakabaý AKMÄMMEDOW,

Ahal welaýat döwletarhiwiniň direktory.

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2025-nji ýyl üçin 25-nji goýberiliş