Täzelikler

Назад

25.07.2025

TÜRKMENISTANYŇ MILLI ARHIW GAZNASY BARADA DÜŞÜNJE, ONY TOPLAMAGYŇ WE AÝAWLY SAKLAMAGYŇ MESELELERI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap döwletimizde milli ykdysadyýetiň, senagatyň, oba hojalygyň, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýyşyň, medeniýetiň we beýleki ulgamlaryň düýpli özgerdilmegine, ösdürilmegine giňden badalga berdi. Bu özgerişler ýoly Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli, asuda durmuşly, durnukly ösýän döwlet hökmünde dünýä arenasynda abraýynyň artyp, belende göterilmegine, ýurduň halk hojalygynyň ilerlemegine getirdi. Türkmen halkynda öz saýlan Milli Liderine bolan uly ynam, belent sylag-hormat, egsilmez söýgi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikinji möhlete saýlanmagyna sebäp boldy. Ýurduň saýlap alan beýik özgertmeler ýoly bilen gyşarnyksyz öňe gitmegine Ýurt Baştutanymyz prezident ygtyýarlyklaryna laýyklykda kepil geçýär we şol syýasaty alyp barmagyny yhlasly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle oýlanşykly daşary we içerki syýasaty netijesinde Ata Watanymyzyň tebygy baýlyklarynyň bol goruna eýedigine garamazdan, ýurduň ykdysadyýetini innowasiýalar ýoly arkaly ýangyç energetikasy ulgamyna baglylykdan daşlaşdyryp, gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek baş ugurlaryň biri edip kabul edildi.

Häzirki döwürde bedew bady bilen okgunly öňe barýan Türkmenistanyň minnetdar raýatlary Ýurt Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň oňyn netijelerini öz gündelik durmuşlarynda görýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä ekologiýa meselelerine uly üns berýär, olaryň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Adam saglygyny goramak ýurt derejesinde iň möhüm aladalaryň biri bolup durýar. Her bir etrapda, şäherde saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen saglyk merkezleri bina edilýär, tiz kömek ulaglar parky yzygider täzelenip, medisina hyzmatlarynyň derejeleri ýokarlanýar. Türkmenistan öz raýatlarynyň saglygyny, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy maksat edinip, keselleri bejermek däl-de, öňüni almak maksatlara gönükdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrýar. Onuň üçin ýurtda saglygy goramagyň esasy hökmünde adamlary sporta gönükdirmek we şypahanalar ulgamynyň hyzmatlaryny işjeňleşdirmek ýaly uzakdan görüjilik syýasat alnyp barylýar. Çagalary sportuň dürli görnüşlerine ugrukdyrmak arkaly olarda ýaşlykdan sagdyn durmuşa bolan endiklerini ösdürmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Türkmen milleti “asyryň towkusy” diýip atlandyrylan apatdan dynyp, asuda durmuşyň hözürini görýär.

Milletiň geljek genofondy bolan körpelerimiz aýratyn alada bilen gurşalandyr. Olar täzeden – täze döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýärler, okuwçylarymyz iň öňde baryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen maksatnamalar esasynda bilim alýarlar, ýörite niýetlenen dynç alyş merkezlerinde rugsat döwürlerini şatlykly geçirýärler, ýokary okuw mekdeplerimiziň ählisiniň diýen ýaly binalar toplumlary täzelendi. Biziň ýokary bilim berýän edaralarymyzda ýaşlarymyzyň saýlap alan ugurlary boýunça hakyky hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi. Soňra olaryň özleriniň hünärlerini ylmy işler arkaly ýokarlandyryp, alymlyk derejelerini almaga ymtylmaklaryna giň ýol açyldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ynamly ösüşi, milli manadymyzyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagy adamlaryň zähmet we talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň ýylba-ýyl artdyrylmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda täze obalar, şäherler, gara ýollar, demir ýollar, köprüler gurulýar. Dürli maksatly edara – kärhanalar, zawodlardyr fabrikler müňlerçe iş orunlarynyň döremegine saldamly goşant boldy. Aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň ösmegi bilen adamlar dünýäniň islendik ýurduna gidip – gelmäge, telefon, internet arkaly aňsatlyk bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik aldylar. Döwlet tarapyndan hususy telekeçiligiň ösmegine ägirt uly üns berilýär. Döwlet öz serişdelerini ýeňillikli karzlar şertinde hususyýetçilere ynandy. Adamlaryň halal zähmet bilen baýamaklaryna, döwletiň kuwwatlanmagyna, bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň döredilmegine goşant goşmaklaryna giň ýol açyldy.

Hormatly Prezidentimiz medeni maksatly desgalar toplumynyň giňeldilmegine uly üns berýär. Raýatlarymyzda watançylyk duýgusyny maddy we ruhy – ahlak gymmatlyklary arkaly terbiýelemek ilkinji nobatda adamlarda aňyýetiň kämilleşmegine itergi berýär. Şonuň üçin muzeýler, kitaphanalar, ýadygärlikler bina edilýär, halkara maslahatlary, forumlary geçirilýär, milli däp-dessurlarymyzy, sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak, wagyz etmek maksady bilen dürli çärelerdir dabaralar guralýar.

Prezident Maksatnamasynyň esasynda göz öňünde tutulan işleriň ählisi üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgerişler resminamalar ýüzünde saklanyp galýar. Geljekde taryhy ähmiýeti bolan resminamalary saýlap almak, olary hasaba almagy, aýawly saklamagy, soňra peýdalanmagy guramak arhiwleriň baş wezipesidir. Şeýle hem arhiw resminamalary diňe milli hazyna bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumyadamzat mirasy bolup durýarlar. Hakyky çeşmeler mysalynda halkyň taryhy suratlandyrylan maglumatlar wakalary, hadysalary aýdyňlaşdyrmakda we giňden wagyz etmekde uly ýardam bolýar. Arhiwçileriň wajyp hünär borçlarynyň ýene-de biri– döwleti we onuň raýatlaryny geçmişe ýüzlenýän resminamalaýyn habarlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Arhiwler ylmy edaralar bolup, halkyň resminamalaýyn taryhy-medeni mirasynyň we durmuş tejribesiniň iňňän gymmatly genji-hazynasydyr. Olar halkyň, döwletiň geçmişini öwrenmek, şu gününe dogry düşünmek, geljegini meýilleşdirmek üçin örän uly ähmiýete eýedir. Biziň arhiwlerimiz hem halkymyzyň resminamalar ýadygärliginiň jemi bolup, olar milletiň maddy hem ruhy durmuşyny beýan edýän taryhy, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ähmiýeti bolan resminamalaryň toplanýan, aýawly saklanýan ýeridir. Arhiwler gadymy döwürlerde döräp, adamzat durmuşyna degişli ýazuw görnüşli maglumatlary saklanýan ýerdir. Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk söhratly taryhy bardygy taryhçy, arheolog alymlar tarapyndan dürli gazuw – agtaryş işleri netijesinde subut edildi, ýöne gynansakda şol döwürleriň batly gadamlaryna şaýatlyk edýän ýazuw ýadygärlikleriniň juda az mukdarda saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetmedigi geçmişe göz ýetirmekde belli bir derejede kynçylyklar döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe arhiwler her bir taryhy waka, şol bir wagtda-da Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň her bir raýaty bilen baglanyşykly resminalaryň jemlenip, geljekki nesillere elýeterli bolmagy üçin uly aladalar edýärler. Ýurduň çäklerinde, käbir ýagdaýlarda onuň daşynda-da, gündelik durmuşda emele gelýän ähli resminamalaryň taryhy ähmiýetli bölegi milletiň milli arhiw gaznasyny düzýär. Türkmenistanyň arhiwlerinde saklanýan resminamalarynyň iň gadymysy 1870-nji ýyla degişlidir.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi. Bu Karar bilen, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakyndaky Düzgünnama, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň hemişelik saklanylmagyny amala aşyrýan pudaklaryň döwlet gaznalarynyň we beýleki döwlet aýawhanalarynyň sanawy, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň uzak wagtlap saklanylmagyny üpjün edýän ministrlikleriň, pudak edaralaryň, guramalaryň sanawy tassyklanyldy. Täze düzgünnamada soňky on ýyllykda döwletiň syýasy, ykdysady, hukuk taýdan ösüşinde bolup geçen oňyn tejribeler we üýtgeşmeler hasaba alyndy. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynynyň täze redaksiýasyna laýyklykda ýurtda arhiw işini kämilleşdirmek ugrunda hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge, ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalary bilen işlemekde jemgyýetçilik medeniýetini düzgünleşdirmäge, Türkmenistanyň döwlet arhiwlerine ýurduň taryhy tejribesini, jemgyýetiň, döwletiň ösüşiniň syýasy, durmuş-ykdysady we hukuk esaslaryny, döwletiň ylymda we medeniýetde gazananlaryny şöhlelendirýän maglumat beriji-uly göwrümli resminamalar toplumyny döretmäge mümkinçilik berýär. Arhiw ulgamy boýunça esasy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagy - Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen döwletde milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, türkmen halkynyň baý däp – dessurlaryny dowam etmek, halkyň ruhy – ahlak gymmatlyklaryny biziň döwrümize laýyk galkyndyrmak, türkmen raýatlarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, jemgyýetiň maglumat gorlarynyň örän möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny emele getirmek, gorap saklamak we peýdalanmak hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň çäkleriniň kesgitlenmegi arhiw pudagynyň iň wajyp gazanany bolup, ol döwlet arhiwleriniň, pudaklaýyn döwlet arhiw gaznalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň pudaklaýyn arhiwleriniň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni durmuşynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän resminamalaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň döwlet arhiwlerinde millionlarça kagyz esasly resminamalar we plýonkalaýyn hem-de sanly maglumat göterijilerde kino, foto, fono, wideo resminamalaryň müňlerçesi jemlenendir.

Bu Düzgünnamada arhiw işini dolandyrmagyň esasy kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetiň we döwletiň esasy maglumatlar gory hökmünde döwlet arhiwleriniň işi pudaklaýyn döwlet arhiw gaznalarynda we beýleki döwlet aýawhanalarynda, pudaklaýyn arhiwlerde arhiw işiniň we iş dolandyryşynyň ýagdaýyna bolan gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, görkezilen işleri geçirmekde ministrliklere we pudak edaralara usuly we amaly kömegini bermek meseleleri aýratyn möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakynda Düzgünnamada resminamalar döredilýän ýeri we düzümi boýunça döwlete degişli we döwlete degişli bolmadyk böleklerden ybaratdyr. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bölegi, adyndan belli bolşy ýaly, döwlet emlägi bolup durýar we hiç hili ýagdaýda hususylaşdyrylmaga degişli edilip bilinmeýär. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk bölegi bolsa, hususy edara görnüşli we şahsy taraplaryň emlägi hasaplanylýar. Eýeçiligiň döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine kanunçylykda bellenen tertipde degişli edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň resminamalarynyň düzümini mese-mälim baýlaşdyrdy.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakynda Düzgünnamada Türkmenistanyň döwlet arhiwleriniň görnüşleri (merkezi, welaýat, şäher, etrap, şahsy düzüm boýunça) bellenilýär we döwlet arhiwlerininiň işiniň guralmagynyň hukuk tertibi kesgitlenýär. Merkezi döwlet arhiwleri resminamalar bilen işlemek we arhiw işi boýunça ylmy-usulyýet merkezleri bolup, umumydöwlet ähmiýetli ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryň, welaýat we şäher döwlet arhiwleri ýerli derejeli ähmiýeti bolan arhiw gaznalaryny we arhiw resminamalaryny saklaýarlar.

Etrabara arhiw aýawhanalary degişli çäkde ýerleşýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň dolandyryş resminamalaryny geljekde olary degişli welaýat döwlet arhiwine tabşyrmak üçin wagtlaýyn saklaýarlar. Şahsy düzüm boýunça resminamalary uzak wagtlap, ýagny 75 ýylyň dowamynda saklaýarlar.

Şahsy düzüm boýunça döwlet arhiwleri raýatlaryň durmuş-hukuk goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen arhiw resminamalary hökmünde olaryň şahsy işlerini toplamak, abat saklamak, hasaba almak we peýdalanmak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň pudaklaýyn arhiwlerde toplanylyşyna, saklanyşyna we peýdalanyşyna ýerlerde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we arhiwçileri şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Bu Düzgünnama Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň toplanylmagyny, abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny we peýdalanylmagyny üpjün etmek meseleleri boýunça döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wezipelerini kesgitleýär. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny saklamak üçin  olar ýörite jaýlary gurnap, degişli işgärler bilen üpjün edilen pudaklaýyn arhiwleri döredýärler, şeýle hem Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen kadalara laýyklykda döwlet arhiwlerine tabşyrylmagy üçin saýlanylmagyny we taýýarlanylmagyny amala aşyrýarlar, resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesini geçirmek üçin merkezi seljeriş toparlary, seljeriş toparlary döredýärler, hasaba alyş maglumatlaryny bellenilen möhletlerde degişli döwlet arhiwlerine berýärler we olaryň dolulygy we dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýärler, iş dolandyryşy we arhiw işini guramagyň usulyýet üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, kadalaşdyryjy we usulyýet resminamalary Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşyp tassyklaýarlar, pudaklaýyn arhiwlerde saklanylýan resminamalary peýdalanmagyň tertibini belleýärler.

Döwletiň saklamagyna tabşyrylmaga degişli resminamalaryň düzümi we olaryň saklanylmaly möhletleri Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenilip taýýarlanan we tassyklanylan “Türkmenistanyň guramalarynyň işinde emele gelýän, sakanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy resminamalaryň Sanawy” bilen kesgitlenilýär. Ministrlikler, pudak edaralary, guramalar şu sanawyň esasynda Baş arhiw müdirligiň ylalaşmagynda görkezilen resminamalaryň saklanylmaly möhletleri boýunça ýörite pudaklaýyn sanawlary işläp düzýärler.

Düzgünnamanyň 16-njy bölümininde döwlet arhiwlerine tabşyrylýança Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerde (edaranyň arhiwinde) saklamagyň möhletleri kesgitlenilýär. Görkezilen möhletler arhiw işi boýunça dünýä tejribesine laýyklykda bellenildi.

Şol bölümiň 1-nji bendinde görkezilen guramalar we edaralar özlerinde döreýän resminamalary edaralaryň pudaklaýyn arhiwlerinde 15 ýyl saklaýarlar, soňra Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine tabşyrýarlar;

2-nji bendinde görkezilen edaralar işlerinde emele gelýän resminamalary 10 ýyl öz pudaklaýyn arhiwlerinde saklaýarlar, soňra welaýatlaryň döwlet arhiwlerine, Aşgabat şäheriniň we Atamyrat şäheriniň döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar;

3-nji bendinde görkezilen edaralar resminamalaryny öz pudaklaýyn arhiwlerinde 5 ýyl saklaýarlar, soňra welaýatlaryň we şäheriniň döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar;

Şol bölümiň 4-nji bendinde görkezilen resminamalaryň aýry-aýry görnüşleri, ýagny raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary şäherleriň, etraplaryň, geňeşlikleriň raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň bölümlerinde 109 ýyl saklanylmaly, soňra döwlet arhiwine tabşyrylmaly;

Şahsy düzüm boýunça resminamalaryň, hojalyk kitaplaryň, notarial hereketleriň ýazgylarynyň we kazyýet işleriniň pudaklaýyn arhiwlerde saklanylmaly aňryçäk möhletleri - 75 ýyl, soňra bu resminamalary döredýän edaralar ýerleşýän çäkleri boýunça döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar;

Ylmy, tehnologik, konstruktorçylyk, taslama, patent resminamalaryny döredýän edaralar we guramalar bu resminamalary öz pudaklaýyn arhiwlerinde 25 ýyl saklaýarlar, soňra ýerleşýän çäkleri boýunça döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar;

Kino-, foto-, fono-, wideoresminamalary, elektron görnüşindäki resminamalaryň pudaklaýyn arhiwlerde saklanylmaly möhleti 3 ýyl diýip bellenilen. Bu möhlet audiowizual resminamalarynyň abat saklanylmagy, maglumat göterijileriň himiki we fiziki ýagdaýyna, maglumatlary ýazga geçirýän serişdäniň döwrebaplygyna, onuň peýdalanyş programma üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr. Şu resminamalar 3 ýyl geçeninden soňra häzirki wagtda kinofotofono resminamalaryň aýawly sakanylmagyny üpjün edýän ýeke-täk döwlet arhiwi bolan Türkmenistanyň Kinofotofono resminamalarynyň merkezi döwlet arhiwine tabşyrylýar.

 Düzgünnamanyň 16-njy bölüminde görkezilen resminamalar döwletiň hemişelik saklamagyna tertipleşdirilen görnüşinde tabşyrylýar.

 Saklanylmaly möhletleri tamamlanan resminamalar diňe hasaphana resminamalara maliýe derňewi we salgyt gullugynyň barlagy geçirilenden soň hem-de hemişelik saklanylmaly we şahsy düzüm boýunça resminamalar ylmy-tehniki taýdan işlenilip taýýarlanylan şertde, şeýle hem saklanylmaga degişli bolmadyk resminamalary we işleri ýok etmek hakynda delilnama degişli döwlet arhiwi bilen ylalaşylandan soň, Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde ýok edilýändigi Düzgünnamada aýratyn bellenilýär.

 Resminamalary ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamagy we arhiw işi boýunça beýleki hyzmatlary şertnamalar esasynda şahsy we edara görnüşli taraplara tölegli esasda diňe döwlet arhiwleriniň hojalyk hasaplaşygyndaky bölümleri tarapyndan amala edilýär.

Şeýle-de Düzgünnamada ministrlikler, pudak edaralary, guramalar täze döredilende, üýtgedilip guralanda, ýatyrylanda, resminamalaryň mundan beýläk saklanylmagynyň meseleleri çözülende, ýatyryş toparynyň düzümine döwlet arhiwleriniň wekillerini hem girizmek boýunça döwlet arhiwleriniň we pudaklaryň işiniň tertibi kesgitlenýär.

Häzirki döwürde daşary ýurt döwletleriniň, olaryň edara görnüşli we şahsy taraplarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilelikdäki eýeçiliginde durýan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň sany artýar. Olarda daşary ýurt hünärmenleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň raýatlary hem işleýärler we olara işe kabul etmek, bir wezipeden beýleki wezipä geçirmek, işden çykarmak barada buýruklar, zähmet haklary boýunça hasaplaşyk-töleg sanawnamalary, işgärleriň şahsy hasaplary, pul baýraklaryny tölemek barada maliýe resminamalary, iş wagtyndan daşary işlenen wagt üçin tölegler, zähmet şertnamalary, zähmet depderçeleri we beýleki resminamalar ýöredilýär. Şol edaralaryň Türkmenistanyň çäklerinde öz işini bes eden halatlarynda, Türkmenistanyň raýatlarynyň geljekde durmuş-hukuk goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň şahsy düzüm boýunça resminamalarynyň, şeýle hem taslama-gurluşyk, konstruktorçylyk, tehnologik, önümçilik resminamalarynyň göçürme nusgalaryny döwlet arhiwlerine tabşyrylmagy barada Düzgünnamada aýratyn nygtalýar.

 Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary saklanylýan ýerine, nämede beýan edilendigine, maglumatlary berkitmegiň tehnikasyna we usulyna garamazdan, Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde döwlet hasabyna hökman alynmaga degişlidir.

Şeýlelikde, resminamalaryň hasaba alynmagy döwlet arhiwlerinde resminamalaryň ylmy taýdan guralyş ulgamyny berkidýär, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň peýdalanyşyny guramakda möhüm orny eýeleýär, çüňki resminamalaryň hasabynyň ýöredilmegi esasynda maglumat beriji häsiýetli resminamalar: ýazgylar, kataloglar, synlar, görkezijiler, maglumat beriş-gözleg ulgamlary düzülýär.

Düzgünnamada edara ýolbaşçylarynyň hem-de raýatlaryň resminamalary peýdalanmagyň düzgünlerini bozandyklary we olarda saklanýan maglumatlara özleriçe düşündiriş berendikleri üçin hereket edýän kanunçylyga laýyklykda şahsy jogapkärçilik çekýändikleri nygtalýar.

Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalaryny peýdalanmaklyk eýesiniň ýa-da eýelik edijiniň razylygy bilen amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň arhiw ulgamynyň işini kämilleşdirmek üçin edýän bimöçber aladalary üçin çäksiz alkyş aýdyp, gullugyň öňünde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde arhiwçileriň yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarys. Çünki biziň esasy borjumyz - milli baýlygymyzy geljek nesillere abat ýetirmekdir.

 

Gülälek Hanberdiýewa, Maýsa Ahunowa

Baş arhiw müdirligi

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2013-nji ýyl üçin 15-nji goýberiliş