Täzelikler
Назад
03.11.2025
«ÝAGŞY ADAM ÝATDAN ÇYKMAZ» Meşhur taryhçy alym Kakajan Muhammetberdiýewiň ömür beýany
Her bir halk özüniň döreden taryhy-medeni gymmatlyklary we tanymal şahsyýetleri bilen tanalýar. Beýik şahsyýetler öz halklarynyň taryhynda ykbal çözüji işleri bitirip, Watanyň abraý-mertebesini belende göterýärler.
Professor Kakajan Muhammetberdiýew 1924-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ýarygökje ýa-da şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, Peşanaly obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Muhammetberdi aga 1920–1930-njy ýyllarda obanyň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, Mary etrap (Merw raýon) meýletin polisiýa toparynda gulluk edipdir.
Kakajan Muhammetberdiýew başlangyç bilimi Mary etrabyndaky 20-nji mekdepde alypdyr. Synp otaglary, olaryň içki enjamlaşdyrylyşy, mugallymlar düzüminiň bilim derejesi, bilim berlişiniň hili, şeýle hem okuw esbaplarynyň üpjünligi bilen aýratyn tapawutlanan bu mekdepde onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary geçýär. Ýarygökje obasynyň Mary şäherine golaý ýerleşýändigi üçin bu ýerli mekdep tiz wagtdan etrapdaky uly mekdepleriň birine öwrülýär.
Urşuň öň ýanyndaky ýyllarda, Kakajanyň heniz okuwçy wagty oba we okuwçy ýaşlaryň durmuşy barada ýazan makalalary merkezi hem-de ýerli metbugatda çap edilipdir. Ol özüniň çagalar üçin niýetlenilen gysgajyk habarlarynda mekdep okuwçylarynyň durmuşy, olaryň okuw işleri barada gürrüň berýär, deň-duşlaryny gowy okamaga, jemgyýet we döwlet üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmeklige çagyrýar.
Gürrüňi edilýän döwürler bilimli ýaşlaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli gowy okaýan ezber okuwçylara mugallymçylyk we olaryň belli bir toparlaryna okuwçylara ýolbaşçylyk etmek (pioner wožatyý) ýaly jogapkärli işler ynanylypdyr. Mekdepde gowy okandygy üçin eýýäm 15 ýaşyndaka Kakajana mekdebiň pioner wožatylygyny ynanýarlar. Bu wezipede işlän wagtynda ol okuwçylaryň arasynda köpçülileýin guramaçylyk işleriniň, gurnaklaryň dürli görnüşlerini alyp baryp, özüni ýaş hem-de gujurly guramaçy, kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň başarjaň ekabyry (pioner wožatyý) hökmünde tanatmagy başarypdyr.
Oba işjeňleriniň biri hökmünde Kakajan Muhammetberdiýew obadaş ýaşlarynyň, şeýle hem ýaş kolhozçylaryň arasynda uly abraýdan peýdalanypdyr. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen oňa uly ynam bildirilip, fronta giden mugallymlaryň wezipesi ynanylýar. Mugallymçylyk işiniň daşyndan bolsa, ýerli ýaşlar guramasynyň başlyklygyna (oba komsomol guramasynyň sekretary) saýlanylýar. Ýerli ýaşlar guramasynyň başlygy hökmünde 1941–1942-nji ýyllarda has hem hyjuwly işlän Kakajan Muhammetberdiýew raýon harby komissarlygyna Watan goragyna iberilmegini sorap, birnäçe gezek arza ýazýar.
Netijede, ol 1942-nji ýylda meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Mälim bolşy ýaly, 1942-nji ýyl Beýik Watançylyk urşunyň taryhynda iň agyr ýyllaryň biri bolupdy. Duşman goşunlary Stalingrada tarap öňe süýşýärdiler. Bu döwürler Kakajan Muhammetberdiýew ilki Woronež, soňra bolsa Merkez we 1-nji Belarus frontlarynda söweşmegini dowam etdirýärdi. Aldym-berdimli söweşlerde top oklarynyň we minalaryň ýarylmasyndan, şeýle-de awiabombalaryň partlamasyndan ençeme gezek
ýaralanýar.
Uruş ýyllary Kakajan Muhammetberdiýewiň ömür ýolunda, durmuş we iş tejribesinde uly yz galdyrypdyr.
Kakajan Muhammetberdiýew uruş ýyllarynda özüni batyr esger, ýokary aň-düşünjeli Watan goragçysy hökmünde tanadypdyr. Munuň üçin esgerler ony batalýonyň komsomol, ýagny ýaşlar guramasynyň başlyklygyna saýlapdyrlar. 1945-nji ýylyň başlarynda bolsa, heniz 21 ýaşy hem dolmadyk türkmen esgeri – Kakajan Muhammetberdiýewi Kommunistik partiýanyň hataryna kabul edýärler.
Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenlikleri we batyrlygy üçin Kakajan Muhammetberdiýew I derejeli «Watançylyk urşy» ordenine, «Batyrlygy üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «1941–1945-nji ýyllarda Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» we başga-da birnäçe medallara mynasyp bolýar.
Uruş ýeňiş bilen tamamlanandan soň ýaş hem-de düşünjeli esgerleriň bir toparyny ýene-de gulluk etmek üçin alyp galýarlar. Sebäbi gazanylan ýeňşi berkitmek, azat edilen ýerlerde tertip-düzgüni hem-de howpsuzlygy üpjün etmek gerekdi. Azat edilen ýerlerde, hususan-da, Ukrainanyň we Belarussiýanyň günbatar welaýatlarynda, Baltikaýaka Respublikalarynda sowet goşunlaryna garşy söweşen milli harby birikmeler bardy. Nobat indi olara ýetipdi. Bu işleri durmuşa geçirmek üçin ot-ýalyndan geçen söweşjeň goşunlar, batyr esgerler gerekdi. Gulluga galan şeýle esgerleriň arasynda Kakajan Muhammetberdiýew hem bardy. Ol Günbatar Ukrainada we Günbatar Belarussiýada goşun gullugyny bir ýyldan hem gowrak wagtlap dowam etdirenden soň, 1946-njy ýylda Watanyna dolanyp gelýär.
Uruşdan we goşun gullugyndan dolanyp gelen K.Muhammetberdiýew birbada obalaryndaky mekdepde taryh, rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Rus dilini suwara bilýän öňki frontçy esgere kolhozyň partiýa guramasynyň sekretary ýaly abraýly wezipäni hem ynanýarlar. Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýalydy; abraýly mugallymçylyk käri, kolhozyň partiýa guramasynyň sekretary uly abraýdan peýdalanmaga mümkinçilik berýärdi. Ony baran ýerinde diňleýärdiler, oňa hormat hem goýýardylar. Emma K.Muhammetberdiýew ýokary bilim almak isleýärdi, ylymly bolmagyň juda zerurdygyna gowy göz ýetirýärdi. Bu bolsa ony 1946-njy ýylda Türkmen döwlet pedagogik (mugallymçylyk) institutynyň (häzirki Magtymguly adyndaky TDU) gapysyndan eltýär.
Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran uruş weterany ilkinjileriň hatarynda talyplyga kabul edilýär. Kakajan Muhammetberdiýew deň-duşlary bilen yhlasly okaýar. Talyp döwründe belli professor-mugallymlardan sapak alýar. Ýeri gelende bellesek, şol ýyllar ady agzalan okuw mekdebinde Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Gurban Durdy, Pena Rejepow ýaly Türkmenistanda giňden tanalýan meşhur adamlar hem okapdyrlar. Kakajan Muhammetberdiýew olar bilen dostlukly hem-de döredijilikli gatnaşyklary saklapdyr. Kitaphanalara bile gidip, olar bilen dünýä we türkmen taryhy dogrusynda özara gyzykly çekişmeleri we jedelleri gurapdyr.
Sapaklaryna diňe tapawutly bahalar bilen ýetişýän, köpçülikleýin jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan Kakajan Muhammetberdiýewi okuwyny dowam etdirmegi üçin 1947-nji ýylda Daşkent döwlet uniwersitetine okuwa ugradýarlar. XX asyryň 20-nji ýyllarynda Orta Aziýa kommunistik uniwersiteti (Среднеазиатский коммунистический университет) diýlip atandyrylan bu okuw jaýy sebitde iň meşhur ýokary okuw mekdebidi. Daşkentde okan ýyllary hem ol tanymal professor-mugallymlardan sapak alyp, taryhçy hünärine eýe bolýar.
Ol taryhyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni, arheologiýa we etnografiýa ýaly dürli ugurlary bilen çynlakaý gyzyklanypdyr. Türkmenistanda guralýan möhüm arheologik ekspedisiýalara işjeň gatnaşan K.Muhammetberdiýew 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Parfiýanyň paýtagty bolan Gadymy Nusaýda dünýä belli arheolog alym Mihail Ýewgenýewiç Massonyň (1897–1986 ý.) geçiren arheologik ekspedisiýasynyň düzüminde tejribelik geçipdir. Ekspedisiýanyň düzüminde Mihail Ýewgenýewiçiň ogly ýaş alym Wadim Mihaýlowiç Masson (1929–2010 ý.) hem bar eken.
Türkmen arheologiýasynyň taryhyndan belli bolşy ýaly, ekspedisiýanyň işleýän günleri gazylan arheologik «şurf» (çukur) Nusaýdaky inedördül zalyň sütünleriniň biriniň üstünden barýar. Bu diňe bir türkmen ýa-da Orta Aziýa arheologiýasynyň däl, eýsem, tutuş Soýuz we dünýä arheologiýa ylmynda hem uly açyş bolupdy. Çünki Türkmenistanyň ýerinde ellinistik – grek medeniýetine degişli ilkinji meşhur ýadygärligiň üsti açylýar. Kakajan Muhammetberdiýew talyplyk ýyllary şol açyşyň şaýady, şol açyşa şärikdeşleriň biri bolupdy.
1951-nji ýylda K.Muhammetberdiýew W.I. Lenin adyndaky Daşkent döwlet uniwersitetini (häzirki Mürze Ulugbek adyndaky Özbegistanyň milli uniwersiteti) tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Şol ýyl ýaş hünärmen Daşoguzda açylan mugallymlar institutyna işe iberilýär we ol institutda SSKP-niň taryhy kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär. Şeýlelikde, geljekki uly alymyň durmuşynda jogapkärli döwür başlanýar we ol özüne ynanylan bu jogapkärli işe erjellik bilen ýapyşýar. Şol döwürde K.Muhammetberdiýewiň gatnaşmagynda welaýatyň obalarynda we şäherlerinde ýaşlaryň arasynda sowatlylygy wagyz etmek, olaryň arasyndan iň zehinlilerini saýlap almak,
okuw mekdeplerine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Kafedra müdiri hökmünde Kakajan Muhammetberdiýew mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplaryň bilim hem-de nazary derejeleriniň artdyrylmagyna, ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet beripdir.
Daşoguzda işlän ýyllary Kakajan Muhammetberdiýew ylym bilen meşgullanmagy, özüniň hünär derejesini kämilleşdirmegi hem ýatdan çykarmandyr. Ony, aýratyn hem, özüniň täze işe gelen nätanyş ýeriniň – Horezm topragynyň taryhy gyzyklandyrypdyr. Guramaçylyk işlerinden sähel boşasa Horezm sebitiniň taryhyna degişli ylmy edebiýatlary ürç edip okapdyr.
1953-nji ýylda Kakajan Muhammetberdiýewi Aşgabada işe çagyrýarlar. Şol ýyllarda ol Moskwadaky Sowet Soýuzynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Marksizm-leninizm institutynyň Aşgabatdaky bölümçesinde – Türkmenistan Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Partiýa taryhy institutynda uly ylmy işgär bolup işleýärdi. Bu institut SSSR döwründe ylmy intelligensiýanyň arasynda gysgaldylyp, ýöne «IML», ýagny «Институт марксизма-ленинизма» (Marksizm-leninizm instituty) diýlip atlandyrylýardy. Bu instituta örän sowatly, zehinli ýaşlar işe kabul edilýärdi. Sebäbi ol sowet dolandyryş ulgamy, sowet syýasy düzgüni bilen gönüden-göni baglanyşykly bolupdyr.
Şundan soň ol nirede işlese-de, nähili partiýa-döwlet wezipelerini eýelese-de, taryh ylmy bilen meşgul bolmagyny, ylmyň ýeňil bolmadyk kötelli ýollaryndan ýöremegini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirýär. Bu ýoluň dowamlylygy bolsa ýarym asyra barabar bolýar.
Taryhçy alym K.Muhammetberdiýewiň ylym dünýäsindäki terjimehaly hut şu ýerden – Marksizm-leninizm institutyndan gözbaş alyp gaýdýar. Alym üçin XX asyryň syýasy taryhy has gyzyklydy, has ähmiýetlidi. SSKP MK-nyň ýanyndaky Marksizm-leninizm institutynyň Aşgabatdaky bölümçesinde – TK MK-nyň ýanyndaky Partiýa taryhy institutynda işläp başlan ilkinji günlerinden ol «Horezm rewolýusiýasyny» özüniň esasy ylmy temasy hökmünde saýlap alýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, Kakajan Berdiýewiçiň ylmy gözlegleriniň çägi Horezmiň çygryndan çykyp, has alyslara – tutuş Orta Aziýa sebitini hem öz içine alýar. Ol Türkmenistanda, Horezmde, Buharada, Türküstan ASSR-inde sosialistik we kommunistik guramalardyr toparlaryň döreýşi, 1918–1920-nji ýyllaryň Raýatlyk urşy ýaly taryhymyzyň çylşyrymly meseleleri bilen içgin gyzyklanypdyr. Onuň kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyň temalary hem şu meseleler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr.
1957–1962-nji ýyllarda Kakajan Muhammetberdiýew, ilki, TKP-niň Aşgabat obkomynyň wagyz-nesihat bölüminiň müdiri, soňra bolsa Türkmenistanyň Magaryf (Bilim) ministriniň orunbasary ýaly jogapkärli wezipelerde işleýär. Hut şol ýyllar Kakajan Berdiýewiç esasy işiniň daşyndan häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (şol wagtlar Türkmen döwlet medisina instituty) Marksizm-leninizm kafedrasynyň müdiri wezipesinde hem işläpdir. 1959-njy ýylda Moskwada Horezmiň syýasy taryhyndan kandidatlyk dissertasiýasyny goran Kakajan Berdiýewiçiň
lukmançylyk uniwersitetinde işlän ýyllary eýýäm taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent ylmy derejeleri bardy.
Şol döwrüň talabyna laýyklykda, Kakajan Muhammetberdiýew talyp ýaşlara XIX–XX asyrlaryň syýasy düzgünleri, ideýa-syýasy akymlary, halkara işçiler we sosialistik (kommunistik) hereketler barada sapak berýärdi. Talyplar onuň umumy okuwlaryny höwes bilen diňleýärdiler.
XX asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda – 60-njy ýyllarynyň başlarynda Kakajan Berdiýewiç şol wagtlar TKP MK-nyň sekretary bolup işlän Ýazguly Hudaýberdiýew, şeýle-de belli partiýa-döwlet we ylmy işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Juma Köýnekow, Hudaýberdi Durdyýew, Aşyr Mämiliýew, Berdi Kerbabaýew, Gaýyp Nepesow, Hangeldi Bekmyradow, Seýitnyýaz Ataýew ýaly giňden tanalýan meşhur adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr.
1962-nji ýylda Kakajan Berdiýewiç Muhammetberdiýewi häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna (şol wagtlar W. I. Lenin adyndaky Türkmen döwlet pedagogik instituty) rektor edip belleýärler. Kakajan Muhammetberdiýewiň institutyň rektory bolup işlän ýyllary ýurdumyzda giňden tanalan, respublika üçin müňlerçe ýokary bilimli mugallymlary we bilim işgärlerini taýýarlan bu ýokary okuw mekdebi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, öňki SSSR-de hem öňdäkileriň hataryna çykýar. Muhammetguly Amansähedowyň berýän maglumatlaryna görä, hut Kakajan Muhammetberdiýewiň tagallalary bilen Türkmen döwlet pedagogik instituty 1969- njy, 1970-nji we 1971-nji ýyllarda SSSR-iň pedagogik institutlarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde yzygider ýeňiji bolup, Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň altyn hem kümüş medallaryna mynasyp bolýar.
Mugallymçylyk institutynyň rektory bolup işlän ýyllary döwlet we guramaçylyk-dolandyryş işlerinden başga-da, ol düýpli ylmy-barlag işlerini hem alyp barypdyr. Ol taryhçy alym hökmünde Horezmiň XX asyr syýasy taryhy boýunça ylmy-barlag we gözleg işlerini dowam etdiripdir. 1964-nji ýylda Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda «Очерки истории Каракалпакской АССР» (Garagalpagystan ASSR-niň taryhynyň oçerkleri) atly uly göwrümli kitap çap edilýär. Bu saldamly işiň Horezm rewolýusiýasynyň taryhyna bagyşlanan bölümleriniň biri K.Muhammetberdiýew tarapyndan ýazylypdyr.
Institutyň rektorlygyna bellenenden soň Kakajan Muhammetberdiýew guramaçylyk, mugallymçylyk işinden daşary doktorlyk dissertasiýasynyň hem üstünde işläp başlaýar. Onuň doktorlyk dissertasiýasynyň temasy rus dilinde «Horezmiň sosializme ösüp geçmek prosesinde Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygy» («Руководство Коммунистической партии процессом разви- тия Хорезма к социализму») diýlip atlandyrylýardy. Doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin Kakajan Berdiýewiç birnäçe ýyllaryň dowamynda Moskwada ýerleşýän SSKP MK-nyň ýanyndaky Marksizm-leninizm institutynyň merkezi partiýa arhiwiniň resminamalarynyň üstünde işleýär. Şol ýyllar ol Tükmenistanyň, Orta Aziýa Respublikalarynyň, hususan-da, Horezmiň taryhy boýunça möhüm arhiw resminamalaryny ýüze çykarýar.
Şol döwürler professor K. Muhammetberdiýewiň partiýa taryhy bilen baglanyşykly wajyp temadan saýlap alan dissertasiýasy ýaly işler Moskwada ýa-da SSSR-iň belli ylym-bilim merkezlerinde (Leningradda, Kiýewde, Minskde, Kazanda, Daşkentde we başg.) goralýar eken. Şonuň üçin hem ol 1968-nji ýyda öz doktorlyk dissertasiýasyny Moskwada – SSKP MK-nyň ýanyndaky Marksizm-leninizm institutynda gorapdyr.
1960–1970-nji ýyllarda professor K. Muhammetberdiýew Moskwada SSSR YA-nyň taryh bölüminiň ýanyndaky «Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasy- nyň taryhy» atly ylmy geňeşiň agzasy bolupdyr. Bu geňeşe belli sowet taryhçy alymy, akademik I.I. Mins (И.И. Минц – 1896–1991) ýolbaşçylyk edýärdi. Isaak Izrailowiç Mins öz döwründe sowet döwrüniň (1917–1991) taryhy boýunça SSSR-de ykrar edilen, ylmy geňeşlerde diňlenilen meşhur taryhçy alymlaryň biri bolupdyr.
Gürrüňi edilýän ýyllar Kakajan Berdiýewiç Moskwada beýleki bir tanymal taryhçy alym, akademik M.P. Kim (1908–1996) tarapyndan baştutanlyk edilen «SSSR-de sosialistik we kommunistik gurluşygyň taryhy» atly ylmy geňeşiň hem işjeň agzalarynyň biri bolupdyr. Maksim Pawlowiç Kim hem edil akademik I.I. Mins ýaly sowet döwrüniň taryhy boýunça SSSR-de ykrar edilen taryhçy alymlaryň biri bolupdyr.
Institutda talyplaryň oňat okamaklary, netijeli bilim almaklary, professor-mugallymlaryň okatmaklary we ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaklary üçin has amatly şertler döredilipdir. Şunuň netijesinde, institutyň professor-mugallymlarynyň hünär we ylmy derejeleri ýylsaýyn ösýärdi, kämilleşýärdi. Institutda işleýän ylymlaryň kandidatlarynyň, dosentleriň, doktorlaryň we professorlaryň sany yzygiderli artypdyr. Rektoryň we institutyň beýleki ýolbaşçylarynyň gönüden-göni gatnaşmagynda okadylýan okuwlaryň, okuw-usuly, ylmy-barlag we terbiýeçilik işleriniň hili hem-de netijeliligi barha ýokarlanýardy. Kakajan Muhammetberdiýew hem institutda işlän döwründe ylmy işlerini irginsiz dowam edýär, birnäçe kitaplar hem ylmy makalalar ýazýar. Türkmenistan SSR-iniň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna, TKP MK-nyň agzasy ýaly jogapkärli wezipelere saýlanylýar.
Döwürdeşleriniň, kärdeşleriniň we şägirtleriniň bellemeklerine görä, Kakajan Muhammetberdiýew üýtgeşik zehinli şahsyýet bolupdyr. Ony ýakyndan tanan adamlaryň berýän maglumatlaryna görä, rektor diýseň tangyr adam bolup, institutda işleýän bäş ýüz töweregi professor-mugallymlaryň hemmesini, bäş müň töweregi talybyň aglabasyny tanaýar eken. Ol zehinli ýaşlary öňki Soýuzyň Moskwa, Leningrad (häzir Sankt-Peterburg), Kiýew, Daşkent, Nowosibirsk... ýaly uly şäherlerine, hünär kämilleşdiriş okuwlaryna, aspirantura we doktorantura ugradypdyr. Soňra olaryň köpüsi diňe bir Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda däl, eýsem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, beýleki ýokary okuw mekdeplerinde işlemek bilen sylanylýan, hormatlanylýan belli alymlar bolup ýetişipdirler.
Institutyň talyplary okuwdan boş wagtlary çeper döredijilik we sungat işleri bilen meşgullanypdyrlar. Edebiýata hem sungata ullakan sarpa goýan halypa institutda ilkibaşda drama gurnagy hökmünde döredilen teatryň, soňra «Halk teatry» adyny almagynda örän uly yhlas edýär. Halypanyň hut özüniň tagallasy bilen Berdi Kerbabaýew, Alty Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly ägirtler bilen talyplaryň arasynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralypdyr.
K.B.Muhammetberdiýew 1970-nji ýylda Moskwada geçen taryhçylaryň Bütindünýä kongresiniň, 1972-nji ýylda Kanadada ÝUNESKO-nyň medeni mirasyny goramak baradaky Halkara kongresiniň işlerine gatnaşyp, olarda ýörite ylmy habarlar bilen çykyş edipdir. Şeýle hem K. Muhammetberdiýew Moskwadaky Diplomatik akademiýada, SSSR YA-nyň Taryh institutynda, Jemgyýetçilik ylymlary Akademiýasynda we beýleki ylmy ojaklarda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalaryny goramak baradaky ýöriteleşdirilen ylmy geňeşlere ençeme gezek esasy opponent hökmünde gatnaşypdyr.
Kakajan aganyň uly alym we jemgyýetçilik işgäri hökmünde giňden tanalýan ýyllary sowet jemgyýetiniň çylşyrymly döwrüne gabat gelýär. Şol döwürde 14 ýyl Garagalpagystanda ýaşan we işlän alym K. Muhammetberdiýew uly işleri amala aşyryp, garagalpak halkynyň alkyşyna, çyn söýgüsine mynasyp bolýar. Bu halkyň taryhy boýunça 8 kitap, onlarça ylmy makalalary ýazan türkmenistanly alymyň çeken halal zähmetini, ýaş taryhçy hünärmenleri ýetişdirendigini göz öňünde tutup, şeýle hem doglan gününiň şanly 60 ýyllygy mynasybetli Kakajan Muhammetberdiýewe 1984-nji ýylda «Garagalpagystan Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakylýar. Başga ýurtda, özge ilde ýaşap, şol ilde şeýle belent abraý-mertebä eýe bolmak ýeňil-ýelpaý iş däl bolsa gerek.
1987-nji ýylda professor Kakajan Muhammetberdiýew Garagalpagystandan Aşgabada gelýär. Bu ýerde ol uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyň XX asyr taryhy bölümine ýolbaşçylyk edipdir. Bölümiň başlygy bolup işlän ýyllary ýurdumyzyň taryhynyň şu döwrüni has çuňňur hem-de giňişleýin öwrenmek maksady bilen Usuly geňeş döredýär. Usuly geňeş 1990-njy ýyllara çenli hereket edip, onda Türkmenistanyň taryhynyň XX asyr döwrüniň möhüm meseleleri boýunça seminarlar we usuly maslahatlar guralýar. Bu maslahatlaryň ählisine Kakajan Berdiýewiçiň hut özi ýolbaşçylyk edipdir, olaryň tematikasyny hem onuň özi düzüpdir. Bu seminar-maslahatlarda ýiti syýasy hem-de taryhy temalar boýunça ylmy çekişmeler we jedeller guralypdyr.
Professor Kakajan Muhammetberdiýew tarapyndan guralýan seminar-maslahatlarda görnükli alymlar, akademikler Myrat Annanepesow, Ata Jykyýew, Ýegen Atagarryýew, taryh ylymlarynyň doktory, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejepow, taryh ylymlarynyň doktorlary Hommat Ataýew, Annadurdy Orazow, Nury Atamämmedow, Ýazgylyç Orazgylyjow, taryh ylymlarynyň kandidaty, baýry taryhçy Maýa Ýazykowa, taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammet Moşew we başgalar yzygiderli çykyş edipdirler.
Aşgabatda işlän ýyllary – 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda – 1990-njy ýyllaryň başlarynda Kakajan Muhammetberdiýew Aşyr Hommaýewiň, Suwhanberdi Allabergenowyň, ýaş taryhçylar Jumadurdy Annaorazowyň, Batyr Gylyçdurdyýewiň, Maýa Pürliýewanyň kandidatlyk dissertasiýalaryna ylmy ýolbaşçylyk edipdir. Şol ýyllarda ýokarda ady tutulan dalaşgärleriň birnäçesi kandidatlyk dissertasiýalaryny üstünlikli goramagy başarypdyrlar.
XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda – 90-njy ýyllarynyň başlarynda Kakajan Berdiýewiç Taryh institutyndaky işinden daşary XX asyryň taryhyndan talyplara sapak bermek üçin Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine işe çagyrylýar. Şundan soň ol birnäçe ýyllap taryh fakultetinde «Taryh we taryhçylar» («История и историки»), «Taryhyň usulyýeti» («Методология истории») ýaly derslerden sapak beripdir.
Uniwersitetde okadan ýyllary Kakajan Muhammetberdiýew fakultetiň birnäçe zehinli talyplaryny ýüze çykarýar. Ençeme talyplaryň referatlaryna, ýyllyk we diplom işlerine ylmy ýolbaşçylyk eden halypa mugallym talyplara heniz işlenilmedik ýa-da az işlenilen temalary ýyllyk we diplom işi edip berkidýärdi, olaryň arhiwlerde işlemeklerini, öz obalarynda we etraplarynda ýaşaýan ýaşuly adamlaryň dilinden XX asyryň 20–30-njy ýyllarynyň taryhyna degişli maglumatlary ýygnamagy tabşyrýardy.
XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda Kakajan Berdiýewiç «Türkmen arhiwi» ylmy žurnalynyň döredilmegi ugrunda aladalanyp ugraýar. Bu ýyllarda beýleki jemgyýetçilik ylymlary bilen bir hatarda taryh ylmy hem ösýär, özgerýär, alymlaryň geçmiş, taryh ýazmagyň nazaryýetleri, taglymatlary we usulyýetleri baradaky pikirleri has kämilleşýär. Bu bolsa öz gezeginde, täze taglymatlaryň döredilmegini talap edýärdi. 1869–1991-nji ýyllaryň wakalary baradaky maglumatlar Türkmenistanyň arhiwlerinde saklanylýardy. Arhiwlerdäki şol maglumatlaryň üstünde has düýpli işlemelidi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Indi türkmen taryhçylaryna ýurdumyzyň taryhyny SSSR döwründäki merkezi ylmy edaralardan (SSSR YA-nyň taryh ylmy bilen baglanyşykly degişli institutlary, Ylmy geňeşleri, SSKP MK-nyň ýanyndaky Marksizm-leninizm instituty we başgalar), ygtyýar almak zerurlygy ýokdy. Täze döredilmegi meýilleşdirilýän ylmy žurnal türkmen taryhçylaryna ylmy-usuly tejribesini has-da baýlaşdyrdy. Professor Kakajan Muhammetberdiýewiň we beýleki görnükli türkmenistanly taryhçylaryň azaby ýerine gowuşdy. 1993-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmen arhiwi» žurnalynyň birinji sany okyjylara gowuşýar. Žurnal ilki ylmy-teoretiki we metodik žurnal görnüşinde neşir edilip başlanýar. Bu günki gün žurnalyň ylmy- nazary ähmiýeti artyp, ol indi taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnaly görnüşinde çap edilýär.
Şol döwürde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan esaslandyrylyp, täze döredilen «Türkmen arhiwi» žurnalynyň baş redaktorlygyna tanymal taryhçy, professor K.Muhammetberdiýew bellenilip, onuň redaksion geňeşiniň düzümine Muhammet Aýdogdyýew, Nursähet Baýramsähedow, Daňatar Berdiýew, Rejepdurdy Garaýew, Baýrammämmet Goýunlyýew, Oleg Kuzmin (baş redaktoryň orunbasary), Maýa Mollaýewa, Ýazgylyç Orazgylyjow, Oguljan Poladowa ýaly ýurdumyzda giňden tanalýan alymlar we ylmyň guramaçylary girizildi. Bu žurnal öz öňünde goýan ylmy-amaly we usuly wezipesini häzirki döwürde-de üstünlikli dowam edýär.
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň esaslandyrylan döwründen bäri 30 ýyldan gowrak wagt geçdi. Taryh üçin uly bolmadyk, ýöne taryh ylmy üçin az bolmadyk wagtyň dowamynda žurnal örän uly işleri amala aşyrdy. Onuň sahypalarynda ýurdumyzyň taryhynyň arhiwli döwrüniň, ýagny döwletimiziň 1869-njy ýyldan şu günki güne – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli döwrüň taryhy boýunça ýüzlerçe ylmy makalalar, arhiw resminamalarynyň nusgalary, kanunçylyk namalary, suratlar we gaýry çeşmeler çap edildi. Bu işlerde professor K.Muhammetberdiýewiň tagallasy uludyr. 1997-nji ýylda taryh ylymlarynyň doktorlary K.Muhammetberdiýewiň Ý.Orazgylyjow bilen awtordaşlykda «Türkmenistanyň taryhyndan materiallar (1917–1994 ý.) » atly kitaby çapdan çykdy. Bu kitap giň okyjylar köpçüligini, sahypalary bilen tanyşdyrmaga uly ýardam berdi.
2000-nji ýylyň fewral aýynda aradan çykan Kakajan Berdiýewiç Muhammetberdiýew batyr watançy esger, meşhur taryhçy alym, ylmyň guramaçysy, türkmen taryhçylarynyň halypasy hökmünde türkmen ylmynyň taryhynda ebedi ýaşar. Alymyň okadan okuwçylary, ýetişdiren şägirtleri we «Türkmen arhiwi» žurnalynyň döredijilik topary Kakajan Berdiýewiç Muhammetberdiýewi ýyly mähir bilen diňe ýagşylykda ýatlaýarlar.
«Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlişi ýaly, Türkmenistanda arhiw gullugynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän 2025-nji ýylda «Türkmen arhiwi» žurnalynyň esaslandyrylmagynyň başynda duran, onuň guramaçylyk işlerini ýola goýan Kakajan Berdiýewiç Muhammetberdiýewi ýatlamak aýratyn ýakymlydyr. Çünki türkmen halkynyň ata-baba gelýän däp-dessuryna eýerip, halypalary ýatlamak, sarpa goýmak we olaryň başlan işini mynasyp dowam etdirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
«Türkmen arhiwi» žurnaly
2025-nji ýyl 25-nji goýberiliş